Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

Türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapyndan başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen DIM-de wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşykda köp ýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda Ýaponiýada öndürilen ýer gazýan hem-de awtomobil tehnikasynyň Türkmenistana getirilmegine gyzyklanma bildirýän ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri, Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem bilelikdäki taslamalara maýa goýmak we beýleki meselelere seredildi.