25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy - “Oguz ýoly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň geçirilýän ýerine baryp, bu ýere ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Ine, şu gün hem welaýatlarymyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök önümler ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň bir wagtda altysyny dabaraly ýagdaýda açyp, ulanmaga berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Bu önümçilik desgalary Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň hem Sakarçäge etraplarynda gurlup, olaryň umumy meýdany 35 gektara barabardyr.
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan bu ýyladyşhanalar ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenendir. Häzirki zaman tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş orny dörediler diýip, milli Liderimiz belledi.
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary özlerine berilýän döwlet goldawyndan netijeli peýdalanyp, gysga döwrüň içinde döwrebap ýyladyşhanalaryň 400 gektardan gowragyny gurup, işe girizdiler. Şeýlelikde, häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän gök önümler düýpli azaldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Geçen ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýetişdiren 37 müň 750 tonna pomidory daşary ýurtlara eksport edildi. Bu bolsa, şondan öňki ýyl bilen deňeşdireniňde 70 göterim köpdür. Şu ýylyň iki aýynda bolsa, 16 müň tonna ter pomidor beýleki döwletlere iberildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatdan ugur alyp, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli çäreleri durmuşa geçirmegi mundan beýläk-de dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary welaýatlarymyzda döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, täze ýyladyşhanalaryň işgärlerine bolsa, uly zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda sanly ulgam arkaly TSTB-niň agzalary tarapyndan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan ýyladyşhanalaryň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.
Uly ekranlarda täze desgalaryň üpjünçiligi hem-de önümçilik kuwwatlyklary barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän wideorolikler görkezilýär. Bu ýerde ýyladyşhana önümçiliginiň iň gowy tejribesiniň, döwrebap usullarynyň we tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen gök ekinler, esasan-da, hili we tagamy bilen tapawutlanýan pomidor ösdürilip ýetişdiriler. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda welaýatlaryň häkimleri, täze obasenagat toplumlarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular bar.
Soňra milli Liderimiz “Oguz ýoly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan ýyladyşhana tarap ugrady we şol ýerde oba hojalyk önümleriniň ýaýbaňlandyrylan giň gerimli sergisi bilen tanyşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ulgamlarynda ýöriteleşen telekeçiler we hususy öndürijiler tarapyndan öndürilen önümleriň, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatyň önümleriniň giň görnüşleri görkezildi.
Bu ýerde owadan bezelen sergi bölümlerinde we diwarlyklarda gök önümleriň, miweleriň we bakja, däne, süýt, et, süýji-köke önümleriniň, gaplanan önümleriň, miwe kişdeleriniň, duza ýatyrylan önümleriň, miwe suwlarynyň, şireli içgileriň dürli görnüşleri we beýlekiler görkezildi.
Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda “Erkin”, “Ter miweler” kompaniýalary, “Ýigit” hojalyk jemgyýeti, “Miweli ülke”, “Noş” hususy kärhanalary bar. Olar özleriniň gök we miwe önümlerini hödürlediler.
“Nurly meýdan”, “Bolelin”, “Ak toprak”, “Gönezlik”, “Çöl gämisi”, “Hasar”, “Doganlar ýyldyzy”, “Ak gar”, “Nur”, “Çynar”, “Täze aý”, “Ýunus” kärhanalary öz önümlerini görkezdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguz ýoly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan ýyladyşhana toplumynyň işi bilen tanşyp başlady. Ýyladyşhananyň ýolbaşçysy toplumyň enjamlaşdyrylyşy, önümçiligiň tehnologiýalary hem-de bu ýerde ýetişdirilýän gök önümleriň, şol sanda pomidoryň ýetişdirilişi, hasyllylygy, ýetişýän möhleti barada gürrüň berdi. Bu ýerde ähli önümçilik işleri awtomatlaşdyrylan hem-de kompýuterleşdirilen usulda amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz ýyladyşhana toplumy bilen tanyşlygyny tamamlap, bu ýerde ýetişdirilen pomidor hasylynyň ýygymynyň başlanmagyna badalga berdi hem-de ony ösdürmekde üstünlikleri arzuw edip, toplumyň ýolbaşçysyna täze oba hojalyk tehnikasynyň – bütin dünýä meşhur “John Deere” traktorynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Şeýle hem şu gün milli Liderimiziň adyndan beýleki welaýatlarda açylan ýyladaşhanalaryň ýolbaşçylaryna döwrebap oba hojalyk tehnikalary gowşuryldy.
Dabara tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara uly üstünlikleri arzuw edip, özüne garaşýan dikuçara münüp, bu ýerden ugrady.