Şu gün Türkmenistanda möhüm syýasy çäre - Türkmenistanynyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi.
Saýlawlar ir säher bilen saýlaw uçastoklarynda şatlyk-şowhun bilen medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda, Döwlet Senamyzyň ýaňlanmagynda ýurdumyz boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynyň hemmesinde sagat 10-da ses bermek başlandy.
Bu saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul eden kararyna laýyklykda geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary gizlin ses bermek arkaly göni däl saýlaw hukugynyň esasynda welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň, ýagny welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 231-si welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynda hasaba alyndy.
Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 37-si, Balkan welaýatynda 39-sy, Daşoguz welaýatynda 39-sy, Lebap welaýatynda 38-si, Mary welaýatynda 39-sy, Aşgabat şäherinde 39-sy hasaba alyndy.
Mälim bolşy ýaly, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny döwrebaplaşdyrmak işleri milli Liderimiziň başlangyjy boýunça birnäçe ýyl mundan ozal başlandy. Hut şonda döwlet Baştutanymyz merkezi we ýerli wekilçilikli edaralaryň ähmiýetini ýokarlandyrmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Çünki bu düzümler ýurdumyzda häkimiýetiň ýeke-täk gözbaşy hasaplanylýan halk tarapyndan kemala getirilýär.
Saýlawlaryň geçirilişine milli synçylaryň 440-sy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde syn etdiler, olaryň esasy wezipesi saýlawlaryň açyklygyny hem-de aýanlygyny, kanunçylyga laýyklygyny üpjün etmekden ybarat boldy.
Saýlawlarda ýurdumyz boýunça Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan dalaşgärleriň 112-si 48 mandat üçin bäsleşdiler. Munuň öz demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýän saýlawlarda 1 ýer üçin 2-3 dalaşgäriň bäsleşendigini aňladýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses bermek tamamlandy.
Welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlary ses berlen býulletenleri sanamak işine girişdiler. Sesleri sanamak işleri dowam edýär.