Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi. Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka öwrüler. Bu edara türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna Hökümetiň işläp taýýarlaýan we ýurdumyzyň halky bilen amala aşyrýan uly möçberli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi, ol Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň geçirilen ilkinji saýlawlarynyň netijeleri barada giňişleýin habar berdi.

Ses bermeleriň netijelerine laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Ähli welaýatlarda we paýtagtymyzda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine pugta laýyklykda geçirilendigi tassyklanyldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna saýlaw toparlarynda ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamanyň esasynda Türkmenistan boýunça jemi 48 adam – her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adam saýlanyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň umumy sanynyň 27 göterimini zenanlar düzýär. Bu bolsa olaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýandygyna şaýatlyk edýär.

G.Myradow Merkezi saýlaw toparyň we saýlaw toparlarynyň ählisiniň agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşyp, ses beren raýatlarymyzyň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Ses berenleriň köp sanly bolmagy biziň jemgyýetimizde oňat netije gazanmak üçin möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalaryny saýlawçylaryň ynamyny gazanyp, syýasy köpdürlülik we köp partiýalylyk şertlerinde halkyň wekilleri bolmaklary bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de munuň iş ýüzünde hakyky demokratiýadygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly ynam edip, özüni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandygy üçin, mähriban halkymyza minnetdarlyk bildirdi hem-de muny uly hormat hem-de bütin halkymyzyň öňündäki ýokary jogapkärçilik hökmünde kabul edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini, Palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly bahaly işlemegi üçin hemmetaraplaýyn kömek berjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz G.Myradowa şu saýlawlary taýýarlamaga gatnaşan adamlaryň ählisine Ministrler Kabinetiniň adyndan minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bu günki mejlisiň ikinji bölegini howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly meselelere bagyşlamak barada karara gelendigini habar berdi.

Biziň haýyr işleri amala aşyrýandygymyzyň häzirki zamanyň ösüşe we parahatçylyga gönükdirilen şygary bilen umumy kökleri bardyr. Şunuň özi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň tutuş adamzat üçin ählumumy häsiýetleriniň bardygyny aýan edýär.

Sebäbi, olar adamlary ýagşy işleriň başyny tutmaga, iň gowy adamkärçilik däplerine eýermäge çagyrýar. Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek hem pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şeýle setirlerini mysal getirdi:

«Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy».

Ata-babalarymyzyň il bilen bolmak, birek-birege kömek etmek, dertli gününde derdini, begenen gününde şatlygyny paýlaşmak ýörelgeleri halkymyzyň baý durmuş tejribesinden, nusga alarlyk medeniýetinden habar berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Elbetde, hemme adama birmeňzeş ykbal berilmeýär. Bagtly adamlar köp, ýöne, gynansak-da, durmuşda kim ejiz bolýar, ýene biri bolsa, ene-atanyň mährinden ir galyp, durmuşyň ajysyny datmaly bolýar. Şonuň üçin hem ejizi, ýetim-ýesiri goldamak, oňa eliňden gelen kömegiňi berip, ýardam etmek ýaly adamkärçilik ýörelgesi biziň üçin kada öwrülipdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz özüniň malyndan, halal gazanjyndan bir sebäp bilen başyny alada aldyran, güni güzaply geçýän adamlar ýa-da ýetim çagalar üçin aýryp goýmagy-da däbe öwrüpdirler.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda çagalar üçin köşkleriň, çagalar öýleriniň, mekdep-internatlarynyň täze, döwrebap binalary gurulýar. Ýurdumyzda bir sebäp bilen ata-enesinden mahrum bolan çagalaryň terbiýelenýän we hossarlyk edilýän bilim-terbiýeçilik edarasy «Döwletliler köşgi» diýlip atlandyrylýar. Bu işlerimiz ejize howandarlyk etmek, mätäji goldamak ýörelgeleriniň biziň döwletliligimiziň bir sütünine öwrülendigini aňladýar.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, şeýle ykbally adamlar baradaky aladalarymyzyň gerimini has giňeltmek, olary has göwnejaý ýerine ýetirmek üçin, ýörite haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň gerekdigi barada pikire gelendigini habar berdi. Sebäbi, ýurdumyzyň çäginde haýsydyr bir sebäp bilen kömege mätäç ýagdaýda galan çagalarymyza goldaw etmek üçin şeýle gaznanyň orny uly bolar.

Biziň döretjek täze gaznamyz ata-babalarymyzyň ýörelgelerini hakyky iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň goldamagy bilen şeýle gaznany döretmek hakyndaky karara gol çekjekdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öz gazanjyndan ilkinji bolup, täze döreden haýyr-sahawat gaznasyna serişde goýýandygyny habar berdi. Eger-de, ejize hossarlyk etmegi göwnünde besleýän ildeşlerimiz bar bolsa, olar hem öz halal gazanjyndan hossarlyk gaznasyna serişde geçirip bilerler. Bu gazna daşary ýurtlular üçin hem açyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Täze döredilen gaznanyň serişdeleri şol çagalaryň tölegli saglyk, bilim hyzmatlaryndan peýdalanmaklary, mynasyp dynç almaklary we beýleki zerurlyklary üçin gönükdirilip bilner diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu Karara gol çekdi.

Milli Liderimiz ady agzalan Karara gol çekip. Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigini aýratyn belläp, onuň milli demokratiýanyň gazananlarynyň esasynda amala aşyrylandygyny hem-de nobatdaky gezek halkymyzyň agzybirligini, jebisligini we watançylyk duýgusyny äşgär edendigini aýtdy.

Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu möhüm waka bilen, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz üçin saýlawçylaryň ýüz göteriminiň ses berendigini belledi.

Ýurdumyzyň Parlamentiniň ýolbaşçysy çykyşyny dowam edip, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda döredilýän gazna at dakmak barada teklibi beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ata-baba däplerimize eýerip, haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky başlangyjyny Mejlisiň deputatlary doly goldaýarlar. Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli parlamentiň ýolbaşçysy täze döredilýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak we bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň kabul edilmegine rugsat bermegi barada Gahryman Arkadagymyzdan uly hormat bilen haýyş etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna geçirilen ilkinji saýlawlaryň üstünlikli hem-de bu täze parlament düzümine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň diplomatik toplumynyň adyndan milli Liderimiziň ene-ata howandarlygyna mätäç çagalara kömek we goldaw bermek üçin haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky çözgüdiniň doly goldanylýandygyny aýtdy. Bu çözgüdiň döwlet Baştutanymyzyň ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy baradaky hemişelik atalyk aladasynyň nobatdaky subutnamasydygy nygtaldy.

Milli Liderimiziň asylly başlangyjynyň türkmenistanlylar tarapyndan doly goldanyljakdygy hem-de daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döretjekdigi gürrüňsizdir, çünki döredilýän Gazna daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin hem açyk bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Gazna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak baradaky teklibi goldaýandygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çykyş edip, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de bu edara saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini beýan etdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda çagalar üçin haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky teklibini obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň goldaýandygyny aýtdy. Bu başlangyç ýurdumyzyň ýaş raýatlarynda zähmete söýgi, bilime höwes döretmekde, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmekde, çagalaryň we ýaşlaryň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goralmagyny kepillendirmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Döwlet Baştutanymyz çykyşlary umumylaşdyryp, bu günki mejlisde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly möhüm meseläniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we indi bu wezipeleri işjeň we çalt durmuşa geçirmelidigini nygtady.