Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiziň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda ýörite Karara gol çekmegi hem-de bu gazna Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy diýip atlandyrmak hakynda karary kabul etmegi şeýle hem milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda «Arkadagyň köňül sahawaty – ykbaly galkynan ýaş nesilleriň dowamaty» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Döwrüň keşbi belli-belli pursatlarda has aýdyňlygy bilen açylýar. Biz ýakynda şeýle pursatlaryň birbada ikisine şaýat bolduk. Olaryň ilkinjisi 28-nji martda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegidir. Munuň özi döwlet durmuşynda täze tapgyr, täze tejribe bolup, geljege gönügen iň nurana maksatlar bilen baglanyşyklydyr. Bu saýlawlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sesleriň 100 göterim köplügini alyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bolsa hemmämizde çuňňur kanagatlanma duýgusyny döretdi şeýle hem 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde milli Liderimiziň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda döwletli Karara gol çekmegidir. Hut döwlet Baştutany tarapyndan şeýle başlangyjyň öňe sürülmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň täze röwüşde ýüze çykmasyna öwrüldi diýip maslahata gatnaşanlar uly buýsanç bilen nygtap geçdiler.
Aslynda, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň mizemez ynamyny gazanmagynyň düýp özeninde adam bähbidini, onuň ählitaraplaýyn abadan durmuşyny nazarlaýan haýyrly-hikmetli, sahawatly-sagadatly işleri durandyr. Sebäbi halkyň göwnüne diňe onuň göwnündäkini bilmek bilen ýetilýär. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy, şunda howandarlyk, hemaýat, haýyr, sahawat ýaly durmuşy gözelleşdirýän düşünjelerdir asylly ýörelgeleriň bir ýere jemlenendigini görýäris. Ine, türkmen jemgyýetinde şol ýörelgeleriň rowaçlanmagyny hem halkymyz Mähriban Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, täze gazna Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
Milli Liderimiziň bu gaznanyň döredilmeginiň maksadyny beýan edende, Magtymguly Pyragynyň:
Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy,
diýen wesýetlerine ýüzlenmegi aýratyn täsirli bolandygy dogrusynda-da nygtalyp geçildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar «Ähli gymmatlyklaryň güýji ynsanperwerlik, adamkärçilik kadalarynda jemlenýär. Her bir kämil jemgyýetiň binýady şol kadalaryň esasynda pugtalanýar» diýip, ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerini hakykat ýüzünde häzirki wagta durmuşa geçirýän we şeýle mizemez kadalary, asylly ýörelgeleri rowaçlandyrýan, jan Watanymyz Türkmenistany dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirýän, hoşniýetli parahatçylyk ýörelgämizi mynasyp dabaralandyrýan ýaşlaryň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň uzak, belent başynyň aman, aýdyň maksatly döwletli tutumly işleriniň bolsa uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.