Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, “Türkmennebit” döwlet konserniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek, milli däp-dessurlarymyza, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerine söýgi döretmek, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, “El hünäri – il gezer” ady bilen milli el işlerini ýerine ýetirmek boýunça talyp gyzlaryň arasynda sergi bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde ýeňijilere we bäsleşige işjeň gatnaşan gelin-gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.