Türkmenistan – ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň hukuk binýady berkeýär

Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň şanly Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin netijeli çäreleri görýär.

Häzirki döwürde bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen Türkmenistan dünýä ýüzüniň ähli halklaryny birleşdirýän Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Netije-de geçen taryhy ýyllaryň dowamynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri hem-de beýleki iri halkara guramalary bilen dürli başlangyçlary ýola goýmakda anyk ädimler ädildi we olaryň ygtybarly hukuk binýady döredildi.

Bu ugurda esasan hem, Türkmenistan döwletimiziň 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmagy munyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň “Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky” Konwensiýasyna goşulmagy hem olaryň arasyndaky ýola goýlan giň gerimli hyzmatdaşlygyň hukuk esasynyň berkemegine ýardam berýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasy Fransuz Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýär. Bu ýerde 1995-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Tähranda ýerleşen klaster (sebit boýunça) edarasy ÝUNESKO-nyň  Türkmenistan döwletimiz bilen alyp barýan işleriniň netijeli utgaşdyrylmagy baradaky meselelerine seredýändir.

Häzirki wagtda bu ugurda biziň ýurdumyzda hem ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary işjeň hereket edýär. Esasan-da, Türkmenistan hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Hereketleriň täze meýilnamasy işlenilip düzülmegi öňden gelýän hyzmatdaşlygyň has hem berkemegine esas bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri, ol hem ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda döwletleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun tutýandyr. Türkmenistan bolsa bu işlere işjeň gatnaşýar. Türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň özboluşly desgalary hem-de gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň wekilçilikli sanawlaryna girizilendir.

“Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky” Konwensiýasynyň çäklerinde, häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeni ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna 1999-njy ýylda Türkmenistandan ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde “Gadymy Merw”, 2005-nji ýylda “Köneürgenç”, 2007-nji ýylda “Nusaýyň Parfiýa galalary” ýaly döwlet medeni-taryhy ýadygärlikleri girizildi.

Türkmenistan 2011-nji ýylda ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy. Netije-de, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna 2015-nji ýylda “Görogly” şadessany, 2017-nji ýylda “Küştdepdi” türkmen milli aýdym-tans sungaty, şeýle hem 2019-njy ýylda “Türkmen milli halyçylyk sungaty” girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça halkara hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen netijeli işler ýola goýulýar. Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we türkmen alabaýlarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin halkara kadalaryna laýyklykda hödürnamany taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň baý taryhy – medeni mirasyny dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli, maksada gönükdirilen işleri dowam edýän Arkadag Prezidentimiziň beýik başlangyçlary, aýdyň ýol-ýörelgeleri hemişe rowaçlyklara, üstünliklere beslensin!

Hatyja DÖWLETNAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.

Meňzeş habarlar