Beýik Ýüpek ýoly — müňýyllyklaryň dowamynda halklary, medeniýetleri we ýurtlary birleşdiren taryhy ýol bolup, diňe bir söwda-aragatnaşyk ulgamy bolman, eýsem, ylmy, dini we medeni gymmatlyklaryň halkdan-halka geçmeginde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.
Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly gadymy döwürlerde möhüm kerwen geçelgesi bolup, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly şäherler şol döwrüň ylmyň, sungatyň we söwdanyň ösen merkezlerine öwrülipdir.
Bu taryhy ýol häzirki döwürde hem diňe bir beýik geçmişiň subutnamasy bolman, eýsem, halklaryň arasynda gatnaşygy ösdürmegiň nusgasy hökmünde dünýäde uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy mirasyny öwrenmäge, goramaga hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanatmaga aýratyn üns berýär.
2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen ÝUNESKO-nyň Utgaşdyryjy komitetiniň “Ýüpek ýoly” ugruny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bäşinji mejlisiniň geçirilmegi hem bu ugurda möhüm ädim boldy. Bu çärede Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň goralmagy, olaryň dünýä derejesinde tanadylmagy we syýahatçylyk mümkinçilikleriniň artdyrylmagy baradaky meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
ÝUNESKO dünýäniň dürli ýurtlarynda ylmy maslahatlary, sergileri we medeni çäreleri guramak bilen halklaryň arasynda özara düşünişmegiň, medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň habarçysy.












