12-nji aprelda paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
“Bouygues Batiment International” meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.
Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri garşyladylar.
Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary dabara ajaýyp öwüşgin çaýdy. Döredijilik toparlary bu waka mynasybetli ajaýyp çykyşlaryny taýýarlapdyrlar. Sazly-horeografiýa sahnasynda gündogar hökümdarlarynyň köşk gaznasynyň baýlygyny görkezýän görnüşler, şonuň ýaly-da, asyrlaryň jümmüşinden gelýän söwda däpleri janlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, “Türkmenbaşy” bankynyň merkezi girelgesine baryp toý bagyny kesdi, şol pursat dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda asmana howa şarlary uçuryldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz bankyň täze binasy bilen tanşyp başlady.
Tanyşlygynyň dowamynda döwlet Baştutanymyza «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň gazanan üstünlikleri hem-de hünärmenler we müşderiler bilen işlemek üçin onuň täze edarasynda döredilen şertler barada doly maglumat berildi.
Täze binada döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy gurnaldy. Bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde 250-den gowrak müşderini kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip bilýärler.
Soňra milli Liderimiz “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady.
Artistleriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanýan sazlar we joşgunly aýdymlar baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen salamlaşyp, “Senagat” bankynyň merkezi girelgesine gelýär hem-de dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we ýurdumyzyň iri täjirçilik bankynyň işinde täze sahypany açýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz esasy girelgeden “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň ikinji gatyna baryp täze edara binasynyň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdy. Onuň umumy meýdany 16 müň inedördül metrden gowrakdyr. Beýikligi bolsa, 76,5 metre, ini 35,5 metre barabardyr. “A” toplumda dolandyryş, hojalyk we tehniki otaglary ýerleşýär. 1-nji gatda 247 orunlyk maslahatlar zaly we beýleki otaglar, 2 – 11-nji gatlarda iş otaglary bar. Binanyň ýokarky gatlarynda bankyň ýolbaşçylarynyň iş otaglary ýerleşýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň işi bilen tanyşmagyny tamamlap, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň, müşderilere hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň we olary artdyrmagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bankyň işgärlerini täze jaý toýy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara işde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ulgamy ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň täze taryhy döwürde Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.