Şanly toýuň şanyna

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda «Ýurdumyz berkarar, ýolumyz ýagty, merjen şäherimiz ýaşlaryň bagty» atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary guramaçylykly gatnaşdylar. Ýaşlarda ýurdumyzyň baş şäherine buýsanjy kemala getirmek maksady bilen guralan baýramçylyk çäresinde institutyň «Oguzlar» aýdym-saz toparynyň we «Bagtyýarlyk binasy» tans toparynyň ýerine ýetirmeklerinde şirin aýdym-sazlar, ajaýyp tans folklor çykyşlary ýerine ýetirildi.

Şeýle hem çäräniň dowamynda ýaşlaryň ýürek buýsançlary beýan edildi. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň döredijilik zehininiň miwesi, gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, halkymyzyň baş baýramy – Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli buýsançly sözler beýan edilip, halkymyza dünýä nusgalyk şäheri, baky bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagy, il-ýurt bähbitli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.