«Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna 30 ýyl: durmuş-ykdysady ösüşiň milli tejribesi»

Şeýle şygar astynda şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçen bu maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň bilim ulgamlarynda we dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar, professor mugallymlar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyşlaryň birnäçesi diňlenilip, olarda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler, şeýle hem häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli işler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.

Şeýle hem çykyşlaryň her birinde döwletli döwrany peşgeş berip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Milli Liderimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.