Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» medeni dynç alyş seýilgähinde Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda çagalaryň arasynda asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça bäsleşigi geçirildi.
Oňa Aşgabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler köşgüniň hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň garamagyndaky Çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.
Bu döredijilik bäsleşigi, Arkadag Prezidentimiziň sargyt edişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmak, ýaş ýetginjekleriň döredijilige, sungata bolan höwesini has-da artdyrmak maksady bilen guralýar.
Ýaş nesilleriň arasynda geçirilen bu bäsleşik olaryň surat çekmeklik başarnygyny kämilleşdirmekde hem-de döredijilik işlerine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Zehinli ýaş suratkeşleriň çeken suratlarynda kämillik ýolundan ädilen ilkinji batyrgaý gadamlar aýdyň duýulýar. Olaryň her birinde mähriban Watanymyzyň gözelligi, merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherimiziň sungat derejesine ýetirilen owadan binagärlik keşbi, agzybir ilimiziň göwnaçyklygy, şahandazlygy hem zähmetsöýerligi, bagtyýar ýaşlyk wasp edilýär. Kalba buýsanç bagyşlaýan bu gözel görnüşlerde «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge öz beýanyny tapýar.
Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ösüp gelýän ýaş nesilleriň tebigy zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän ýaşlaryň Hak Howandary Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.