Gujurly, edermen, gaýduwsyz

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-den gowrak alabaýdan öz gujurdyr edermenligi bilen tapawutlananlarynyň 25-si gatnaşdy. Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bir günde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna ministrlikleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de alabaý itleriniň köp sanly janköýerleri gatnaşdylar.

Halkara bäsleşige badalga berilmezinden ozal, itşynaslaryň birnäçesi çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler barada buýsançly söhbet etdiler.

Ine, ýörite san belgisi bilen bäsleşige gatnaşýan alabaý itleri tomaşa meýdançasynda peýda bolup başladylar. Halypa itşynas Döwletmyrat Kürrikow tomaşa meýdançasyna çykýan itler bilen tanyşdyryp, olara üstünlik arzuw edýär. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna, hususy itşynaslara degişli bolan alabaýlaryň çykyşy olaryň bäsleşige ýokary derejede taýýarlanylandygyny görkezdi. Bäsleşikde 0,5 metrden 2,5 metre çenli bolan päsgelçiliklerden üstünlikli geçip, öz eýeleri bilen dil tapyşmagy başarýan alabaýlaryň her bir hereketi olaryň edermenliginden, düşbüliginden habar berýär.

– Çärýek asyrdan bäri hojalygymda alabaý itlerini köpeldip, ösdürip ýetişdirýärin. Birnäçe ýylyň dowamynda alabaýlaryň arasynda geçirilen bäsleşiklerde Gaplaň atly itim baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardy. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda ilkinji gezek belleniljek Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli olaryň halkara gözellik bäsleşigine öz ýetişdiren Akguş atly köpegim bilen gatnaşdym. Akguş öňde duran päsgelçiliklerden gysga wagtyň dowamynda geçip, şowly çykyş etmegi başardy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda hem üstünlikli çykyş etjekdigine ynamym uly.

Milli gymmatlygymyz bolan alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek üçin biz – itşynaslara döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Goşa baýram, goşa toý bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilen milli gymmatlyklarymyzyň howandary hormatly Prezidentimizi, şeýle-de ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys – diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hususy itşynas Resul Kerimow gürrüň berdi.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilýän güni kesgitlener.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.

«Türkmenistan».