Nuranadan gözel görkli

Toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan ahalteke atlarymyzyň nuranadan gözel görküni, kaddy-kamatyny ýakyndan synlamagyň özboluşly lezzeti bar. Munuň şeýledigi düýn Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň arasynda geçirilýän halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda hem aýdyň ýüze çykdy. 2009-njy ýyldan bäri geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşigiň birinji tapgyryna gamyşgulak bedewleriň 50-si gatnaşdy. Şolaryň içinden owadanlygy bilen saýlanan atlaryň 20-sini ikinji tapgyra gatnaşdyrmaga hukuk berildi.

Halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyryna gatnaşan atlar Gelşikliniň, Gyrsakaryň, Gaplaňyň, Pereňiň, Skagyň, Meleguşuň, Eýeberdi Telekäniň ugrundan bolan bedewlerdir. Ýene bir özüne çeken zat, ol hem Gelşikli bilen Gyrsakaryň ugruna degişli bolan atlaryň agdyklyk etmegidir.

Bu tapgyrda atlar iki gezek gözellik meýdançasyna çykdylar. Olar ilkinji gezekde asyl durkunda meýdança çykyp, öz tebigy owadanlyklaryny görkezdiler. Ikinji gezekde bolsa owadan haşamlanan at esbaplaryna hem-de ýörite niýetlenen milli şaý-seplere beslenip, gözellik meýdançasyna geldiler. Ussat zergärleriň sünnäläp ýasan şaý-sepleridir at esbaplary näzikden-näzik, jeren bakyşly bedewleriň kaddy-kamatyny, dal boýunlaryny has-da gözelleşdirdi. Ylla diýersiň, ýaz ýagşyndan soň asmanda peýda bolýan älemgoşar mysaly töwerege özboluşly şugla saçdy.

Gözelligiň nusgasy bolan ahalteke atlarynyň her biri meýdança gelende, göwünlerde özboluşly ýakym döredip, kalplary joşdurdy. Dabarasy dünýä dolan ahalteke atlarynyň şol günki bäsleşigine eminlik edenleriň arasynda belli atşynaslar hem boldular.

Özüniň gylyk-häsiýeti, zybalygy, täsin hereketleri bilen garşydaşlaryndan tapawutlanýan bedewleri ýakyndan synlap, gözden geçiren eminler topary bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, olaryň 10-syny saýlady. Olar bu bäsleşigiň jemleýji üçünji tapgyryna gatnaşar. Üçünji tapgyr hem çekeleşikli geçse gerek. Sebäbi keremli türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewler biri-birinden gelşikli, olaryň ählisi hem gözellikden paýly, hemmesi-de baş baýraga mynasyp. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilýän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada haýsy bedewiň mynasyp boljakdygy janköýerleriň ählisi üçin hem gyzykly. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry ýakyn günlerde baýramçylygyň öňüsyrasynda geçiriler.