Türkmenistan – ÝUNESKO: Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşleriň geljegini nazarlaýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimizi, medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz işler durmuşa geçirilýär. Şol sanda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Has dogrusy, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çalt depginde ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan döwletimiz BMG-nyň möhüm konwensiýalarynyň ýüzlerçesine goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna hemişe ygrarlydygyny görkezýär. BMG – bu döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, dünýäde ählumumy howpsuzlygy we parahatçylygy gorap saklamak hem-de üpjün etmek maksatlary bilen döredilen halkara guramasydyr.

BMG-nyň ähli düzüm birlikleri biziň ýurdumyzyň hökümeti bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Olardan has ähmiýetlileriniň biri-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy (ÝUNESKO) bolup durýar. ÝUNESKO BMG-nyň kömekçi edarasy bolup çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda: «BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň düzümleri, onuň bilermenleri bilen bilelikdäki köpýyllyk işiň netijesinde uly netijeleri gazanandygymyzy aýratyn bellemek isleýärin. Häzirki wagtda «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaýyň Parfiýa galalary», türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungaty, türkmen milli «Küştdepdi» aýdym we saz sungaty, türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklar we ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ýakyn wagtlarda ÝUNESKO bilen bilim, ylym, ekologiýa, sport ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary güýçlendirmegi maksat edinýäris» diýip belläp geçdi.

Dogrudanam, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň bilelikde alyp barýan işlerini has-da giňeltmek we ösdürmek bilen bir hatarda, döwletimiz bu gurama bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk esasynda medeni-mirasy we tebigatyň gaýtalanmajak ajaýyp ýerlerini saklamak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar. Häzirki wagtda döwletimizde bular bilen baglanyşykly ahal-teke atçylygyny, türkmen alabaýyny, dutarçylyk sungatyny, keçe sungatyny, demirçilik, türkmen milli göreşini, gözel Aşgabat şäherimizi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek, şeýle-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýubileýiniň 300 ýyllygyny 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Senenamasyna girizmek ugrunda birnäçe işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyz ÝUNESKO-nyň halkara konwensiýalarynyň we köptaraplaýyn şertnamalarynyň 10-syna gatnaşýar. Degişli döwlet edaralary bilen bilelikdäki işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, ýaňy ýakynda ýurdumyz ÝUNESKO-nyň iki sany Konwensiýasyny tassyklady. Şolaryň biri 1960-njy ýylda kabul edilen hökmany başlangyç we orta bilim, hemmelere deň dereje elýeterli ýokary bilim, şeýle-de bilimde mümkinçilikleriň deňligi ýaly esaslary öňe sürýän ýeke-täk halkara resminama bolup durýan «Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakynda» Konwensiýasydyr. Häzirki wagtda bu Konwensiýa dünýäniň 105 döwleti gatnaşýar. «Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakynda Konwensiýanyň» esasy maksady bilim almagyň adamyň esasy hukugynyň bolýandygyny açyp görkezýär. Ol tölegsiz we hökmany bilim almak döwlet tarapyndan üpjünçiligini kesgitleýär. Şeýle-de hukuk kemsitmeleriniň ähli görnüşlerini gadagan edýär we bu Konwensiýa Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň hukuk kemsitmelerine ýol bermezlik ýörelgesini goldaýandygyny yglan edýär. ÝUNESKO-nyň Tertipnamasyna laýyklykda adam hukuklaryna ählumumy hormat goýulmagyny we hemmeler üçin bilime deň elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýandygy göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da aýry-aýry ýurtlarda kabul edilen milli bilim ulgamlarynyň dürlüligine hormat goýmak bilen bir hatarda, bilim ulgamynda haýsydyr bir hukuk kemsitmäni aradan aýyrmak bilen çäklenmän, eýsem, bilimdäki mümkinçilikleriň deňligini we bu ugurda hemmeler üçin deňhukuklylygyň ösdürilmegini üpjün edýär. Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelere garşy göreşmegiň dürli talaplary, ýagny, bu meseläniň halkara konwensiýanyň esasy temasy bolmalydygy we agza döwletlere bu ugurda teklipleriň nazara alynmalydygy aýratyn bellenilýär.

Konwensiýany tassyklan döwletler Konwensiýada beýan edilişi ýaly, her bir adamyň bilim almaga bolan hukugyny durmuşa geçirmäge borçlanýarlar, ýagny tölegsiz we hökmany bilim bilen üpjün edýärler. Ol tölegsiz we hökmany bilimden, orta bilimiň we onuň ähli görnüşleriniň elýeterli bolmaklygyndan hem-de ýokary bilimiň şahsy aýratynlyklar esasynda hemmeler üçin deň elýeterli bolmagyndan, şeýle-de döwletiň bilim berýän edaralarynyň ählisinde bilimiň hiliniň deň derejede we deň şertlerde bolmaklygyndan ybaratdyr.

Bilim ulgamyndaky «hukuk kemsitmeler» diýenimizde her bir adamyň, onuň teniniň reňkine, jynsyna, diline, dinine, syýasy ýa-da beýleki ynam ygtykadyna, milletine, gelip çykyşyna, ykdysady ýagdaýyna, şeýle-de doglan ýerine garamazdan bilim almaga bolan hukugynyň bardygy şertlendirilýär. Konwensiýa laýyklykda «bilim» – bu bilimiň ähli görnüşlerini we basgançaklaryny, bilime bolan elýeterliligini, bilimiň hilini we derejelerini hem-de bilim bermekligiň şertlerini aňladyp durýar.

Konwensiýa agza döwletler bilim ulgamyndaky hukuk kemsitmeleri ýok etmek ýa-da öňüni almak maksady bilen: bilim ulgamyndaky hukuk kemsitme häsiýetli kararlary we administratiw namalary togtatmaga, bilim edaralaryna okuwçylary hiç hili kemsitmezlik ýagdaýda kabul etmäge, daşary ýurt raýatlaryň döwletiň raýatlary bilen deň derejede bilim almaga mümkinçiliklerini döretmäge borçlanýarlar. Bilim ulgamynda deň mümkinçilikler – bu orta bilimiň hökmany we tölegsiz bolmagyny, ähli bilim edaralarynda deň derejede bilim alynmagyny, mugallymlaryň hünär taýýarlygynyň ýokary derejede üpjün edilmegini kepillendirýär. Bilim şahsyýetiň doly ösüşine gönükdirilip, adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna uly hormat goýmaklygy üpjün edýär. ÝUNESKO mundan başga-da halk biliminiň ösmegini, medeniýetiň ýaýramagyny goldaýar, şeýle-de bütin dünýäniň çagalarynda azat adamyň jogapkärçilik duýgusyna laýyk gelýän bilimiň usullaryny hödürleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny düýpli özgertmek, bu ugurda bir bitewi döwlet syýasatyny alyp barmak, bilim işini dolandyrmagy kämilleşdirmegiň we ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmegiň hem-de ýurdumyzyň «Bilim hakyndaky» Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri – okuwyň we bilimiň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr.

Bilim almak hukugy konstitusion hukuklaryň biri bolup durýar. Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzyň 55-nji maddasynda: «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär. Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär. Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenýär» diýlip görkezilýär. Bilim ulgamyny kadalaşdyrmagyň we bu hukugyň ähli adamlara kepillendirilmeginiň döwlet işiniň baş ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenmeginiň esasy sebäbi ylym we medeniýet bilen birlikde bilimiň jemgyýetiň çalt depginler bilen ösmeginiň örän möhüm şerti bolmagyndadyr. Şonuň üçinem döwletimizde adamlaryň bilime bolan hukuklaryny doly durmuşa geçirmekleri üçin ähli zerur şertler, şol sanda kanuny kepillikler hem döredilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we bu çygyrdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň esasy maksatlary adamlaryň bilime bolan hukugynyň kanuny kepilliklerini artdyrmakdan, şol hukugy amala aşyrmagy has netijeli we düýpli üpjün etmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen sanly bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasynda häzirki döwürde uzagara sapaklar, okuwlar, taýýarlyklar, konferensiýalar we ylalaşyklar amala aşyrylýar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu babatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde «ÝUNESKO kafedralaryny» açmak baradaky giň gerimli işler munuň aýdyň nyşanydyr.

ÝUNESKO kafedralaryny açmagyň esasy maksady bellenen ugur boýunça Durnukly Ösüş Maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygyny üznüksiz ösdürmek we ylmy-barlaglary kämilleşdirmekden, dünýä we döwlet derejesinde ýokary okuw jaýlarynyň hyzmatdaşlyk toruny döretmekden şeýle-de durnukly ösüşde, ylymda, bilimde we medeniýetde öňdebaryjy netijeleri gazanmakdan ybaratdyr.

ÝUNESKO kafedralarynyň Bütindünýä Maksatnamasy (UNITWIN/UNESCO Chairs). 1991-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 26-njy mejlisiniň çözgüdi boýunça döredilip, häzirki wagtda 126 ýurtda 800-e golaý kafedrany özüne birleşdirýär. Ýurdumyzda hem birnäçe ýokary okuw jaýlarynda ÝUNESKO kafedralarynyň açylmagy göz öňünde tutulýar. Bu kafedralar bilimiň, ylymyň medeniýetiň we kommunikasiýalaryň halkara gatnaşyklarynyň global, sebitara, sebit derejesinde halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin niýetlenendir.ÝUNESKO kafedralary akademik raýdaşlygy esasynda hereket edýärler. Olar dünýä ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ulgamynda ylmy arabaglanyşygy üpjün edip, ylmyň we ýokary okuw mekdepleriniň özara tejribe alyşmaklaryny işjeňleşdirýärler. Bilimleriň, informasiýanyň dürli soraglary boýunça çözgütlerini utgaşdyrýarlar.

UNITWIN/UNESCO Maksatnamasynyň esasy ýörelgesi ÝUNESKO kafedrasynyň üsti bilen doly we deňhukukly hyzmatdaşlygy kafedranyň çäginde dürli taslamalary teklip etmegi we amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Şol bir wagtda uniwersitetiň özbaşdaklygyny we akademik erkinligini sylamak bilen işleri amala aşyrýar. 2007-nji ýylyň aprel aýynda UNITWIN/UNESCO Maksatnamasynyň täze strategik ugurlary ÝUNESKO-nyňÝerine Ýetiriji sowetiniň 176-njy mejlisi tarapyndan tassyklanyldy. Bu çözgüt ÝUNESKO kafedralarynyň «think-tanks» we «bridge-builders» görnüşli guramalara, ýagny täze bilimleriň esaslanýan we geçirýän merkezlerine öwürmek, şol sanda çözgütleri kabul etmek we dürli ugurlara hödürlemek ýaly görnüşlerini kesgitledi. ÝUNESKO kafedrasynyň işjeňliginiň tertibi we ýöriteleşýän ugry degişli çözgütde öz beýanyny tapýar.

ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň hukuk binýadyny ÝUNESKO-nyň Baş direktory we degişli uniwersitetiň rektorynyň gol çekmegi bilen kabul edilýän ylalaşyklar emele getirýär. Bu resminama ÝUNESKO kafedrasynyň maksatlaryny we wezipelerini, onuň düzülmeginiň we alyp barjak işleriniň düzümini, şeýle-de edilen işler barada ÝUNESKO-nyň we ýurduň ÝUNESKO boýunça işleri alyp barýan edarasyna hasabat bermekligi göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça Alym Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, ýurdumyzy ösdürmekde umumadamzat jemgyýetini ajaýyp üstünliklere alyp barýan belent işleriniň diňe üstünliklere beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Ýolaman MÄMMEDOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň II ýyl talyby.

Indiki makala

Meňzeş habarlar