Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze düzümleýin desgalarynyň açylyşy

25-nji aprelda paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy, şeýle hem teleköpri arkaly Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezleriň – döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlan türkmen alabaýynyň merkezleriniň açylyş dabaralary geçirildi.

Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleri hem-de alabaýyň arassa ganlylygyny saklamagyň netijesinde, ol biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Türkmen alabaý itleri dünýäniň goragçy tohum itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär we hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, alabaýlaryň tapawutly aýratynlyklarynyň birini hem ýitirmezligi üçin olary diňe hünär derejesinde köpeltmek zerurdyr.

Bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga ähmiýetli orun berilýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy – ÝUNESKO we beýleki iri guramalar, şol sanda daşary ýurtlaryň assosiasiýalary, şeýle hem dünýäniň dürli döwletlerinden ýuridik şahslar we hususy itşynaslar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen halkynyň ajaýyp däplerini girizmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda alabaý tohum itlerini ösdürip ýetişdirmek işi hem bar.

...Şanly waka mynasybetli toplumyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdymdyr tanslar bilen çykyş etdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, desgany açdy.

Baýramçylyk günlerinde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň “Alberk QA Academy” halkara guramasy tarapyndan Laýyklyk standartyna görä, Hil dolandyryş ulgamyny hem-de Daşky gurşawyň dolandyryş ulgamyny ýerine ýetirýän we berjaý edýän edara hökmünde bellige alnandygyny hem-de itleri ösdürip ýetişdirmek boýunça ISO 9001:2015 we ISO 14001:2015 talaplaryna laýyklykda, ýörite şahadatnamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Täze desga Köpetdagyň eteginiň gözel künjekleriniň birinde guruldy, çünki bu ýeriň tebigaty şol maksatlar üçin amatly bolup durýar. Toplumyň gurluşygy “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylyp, ol baş potratçy hökmünde ähli işleri talabalaýyk ýerine ýetirdi.

Toplumyň çäginde dolandyryş binasy, işgärler üçin bina, barlag-goýberiş nokady, dynç almak üçin ýer göz öňünde tutuldy. Şeýle hem it ýatagynyň hojalyk binalarynyň ikisi, her biri 20 orunlyk ithanalar, itleri naharlamak üçin kömekçi jaýlar, weterinar gullugynyň bölümleri we izolýator üçin bina guruldy. Elbetde, itleriň saklanýan jaýlarynda arassaçylygyň ähli çäreleri berjaý edildi.

Bulardan başga-da, itleri gezdirmek, şeýle hem görkezme çykyşlary üçin 1 müň orunlyk tomaşaçy münberi bolan ýörite meýdança guruldy. Onuň golaýynda türgenleşik meýdançasy bar, onda itlere baş öwretmek we tälim bermek üçin niýetlenen päsgelçilikler zolagy göz öňünde tutuldy. Awtoulaglar üçin duralgalar, şol sanda itleri daşamak üçin ýöriteleşdirilen awtoulaglara niýetlenen duralgalar, tehniki we beýleki kömekçi desgalar bar.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň baş binasyna alyp barýan ýoluň ugrunda dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň tebigatyň ajaýyp gözelliklerini – alabaýlary wasp edýän eserleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Bu ýere ýygnananlar dürli öwüşginli işleri synlap, baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar.

Dabara gatnaşyjylara wise-premýer, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow gutlag sözi bilen ýüzlenip, hemmeleri şanly wakalar bilen gutlady.

S.Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary şu günki wakalar bilen gutlap, hormatly Prezidentimize türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny halkara derejede has-da belende galdyrmak hem-de milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak ugrunda döredýän mümkinçilikleri üçin ýurdumyzyň itşynaslarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdi.

Soňra Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan tohumçylyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylary birleşdiren teleköpri geçirildi. Göni ýaýlymlar ýurdumyzyň dürli künjeklerini synlamaga hem-de ol ýerlerde täze gurlan desgalary ulanmaga bermek mynasybetli guralýan dabaralary görmäge mümkinçilik berdi.

Sebitlerdäki täze gurlan desgalaryň öňündäki meýdançalarda welaýatlaryň estrada aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda dürli öwüşginli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde dolandyryş merkezleriniň ýolbaşçylary, ýaşulular we ýaşlar, tanymal itşynaslar ýygnandylar.

Şu gün welaýatlarda we paýtagtymyzda açylan desgalar ata Watanymyza birkemsiz gulluk etmegiň hem-de türkmen halkynyň, onuň milli gymmatlyklarynyň we medeni mirasynyň şan-şöhratyny artdyrmak üçin ýadawsyz zähmet çekmegiň nusgalyk göreldesini görkezýän milli Liderimiziň ündewine mynasyp jogap boldy.

Dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen alabaýlaryna çäksiz söýgüsi we olar hakynda ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmen alabaýy häsiýetli aýratynlyklary bilen birnäçe müňýyllyklara barabar döwrüň synagyndan geçmegi başardy. Ine, bu gün hem durmuş ýolunda türkmeniň hemrasy bolan alabaýlar täze döwre gadam basýar, tohum itleri ösdürmegiň gadymy däpleri bolsa ylmyň we seçgiçiligiň öňdebaryjy gazananlaryny, tehnologik işleri ulanmak bilen, häzirki zaman görnüşinde mynasyp dowam etdirilýär.