25-nji aprelda Türkmenistanda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu günki baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda halk arasynda iň meşhur bäsleşikleriň biri – baýramçylyk at çapyşyklary guraldy.
...Ir bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýanynda ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Toplumyň çägine barýan ýoluň ugrunda ahalteke bedewleriniň ajaýyp gözelligini beýan edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň uly sergisi guraldy.
Dikilen ak öýüň ýanynda bagşylaryň we sazandalaryň çykyşlary, güýçli, çalasyn pälwanlaryň gatnaşmagynda sport ýaryşlary görkezildi. Medeniýet işgärleri baýramçylyk mynasybetli döredijilik sowgadyny taýýarladylar.
Sirk sungatynyň Bütindünýä festiwallarynda hem-de iri halkara bäsleşiklerde gazanan ýeňişleri bilen meşhur bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary öz ussatlygyny we sungatyny görkezdi.
Şu gün dürli aralyklarda geçirilen at çapyşyklarynyň jemi ýedisi bolup, şolaryň her birine ýyndam bedewler gatnaşyp, iň gowy sport häsiýetlerini görkezdiler. 1200 metr aralyga geçirilen birinji at çapyşyga goşulan bedewleriň ýaryşyna badalga berlen pursadyndan, tomaşaçylaryň şowhunlary al-asmana göterildi. Bu ýaryşda bedewler maliýe-ykdysady toplumynyň “Polatly” baýragyny almak ugrunda ýaryşdylar. Çapyksuwar B.Kulyýewiň çapan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Gutly diýen gara aty pellehana ilkinji bolup geldi. Ol bu aralygy 1 minut 19,9 sekuntda geçmegi başardy.
Ikinji çapyşyk hem 1200 metr aralyga geçirildi. Nebitgaz toplumynyň “Meleguş” baýragy ugrundaky bu ýaryşda iň gowy wagty Içeri işler ministrligine degişli Garabatyr diýen gurt mele at görkezdi. Ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabowyň çapan bu bedewi bellenen aralygy 1 minut 19,2 sekuntda geçdi.
Söwda toplumynyň “Gelşikli” baýragy ugrundaky üçünji çapyşykda bedewler 1200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Tejen diýen dor at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Çapyksuwar S.Çaryýewiň çapan bu aty 1 minut 19,2 sekunt wagt görkezdi.
Ulag-aragatnaşyk toplumynyň “Ýanardag” baýragy ugrundaky çapyşyk hem 1200 metr aralyga geçirildi. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk hojalygyna degişli Gyzlarym diýen dor bedew pellehana ilkinji geldi. Çapyksuwar A.Orazdurdyýewiň çapan bedewi bellenen aralygy 1 minut 19 sekuntda geçmegi başardy.
Gurluşyk-senagat toplumynyň “Pereň” baýragyny almak ugrundaky 1400 metr aralyga güýç synanyşan bedewleriň bäşinji çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kararym diýen dor at ýeňiji boldy. Onuň netijesi 1 minut 33 sekunt, çapyksuwary N.Agamyradow.
Altynjy çapyşyga obasenagat toplumynyň “Garader” baýragy goýuldy. Bu ýaryşda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Ülker diýen dor at birinji orny eýeledi. Çapyksuwar B.Berdimuhammedowyň çapan bedewi 1400 metr aralygy 1 minut 29,1 sekuntda geçdi.
Jemleýji ýedinji toý çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş baýragy – “Akhan” göçme kubogy ugrunda dartgynly ýaryş boldy. 1400 metr aralyga guralan bu ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen diýen ak-ýal mele at pellehanadan birinji bolup geçdi. Ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan bu bedewi 1 minut 32,2 sekunt wagt görkezdi.
Örän çekeleşikli ýaryşlarda gowudan-gowusyny saýlan dartgynly çapyşyklaryň ählisi häzirki zamanyň milli seýisçilik mekdebiniň täze taryhy eýýamda müňýyllyklardan bäri gelýän däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi. Dürli aralyklarda türkmen bedewleri ýyndam häsiýetleri bilen birlikde, sportda çydamlylygyny hem subut etdiler.
Soňra çapyşyklaryň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Olara ady agzalan baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bulardan başga-da, jemleýji ýaryşyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme Kubogy, degişli diplom gowşuryldy.
Şeýle hem ozal geçirilen uzak aralyga atly ýöriş boýunça ýaryşyň hem-de konkur boýunça bäsleşigiň ýeňijileri we baýrak eýeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Dorbedew diýen dor at bilen bilelikde, çapyksuwar H.Toýlyýew ýaryşyň ýeňijisi diýlip kesgitlendi. Ol iň oňat görkezijini – 2 sagat 52 minut 46 sekunt wagty görkezdi. Barha meşhurlyga eýe bolýan sportuň atly görnüşi bolan konkur boýunça ýaryşlarda Milli atly sport merkeziniň Altynhan diýen aty, türgeni Ý.Garajaýew bilen birinji orny eýeledi.
Çapyksuwarlar milli atşynaslyk mekdebiniň şöhratly däplerini saklamak we kämilleşdirmek baradaky aladalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de atçylyk sportuny mundan beýläk-de ösdürmek we ahalteke bedewlerini bütin dünýäde giňden wagyz etmek babatda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.