ENAÝ – LEZZETE BAÝ

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň hem-de Lebap welaýat teleradiostudiýasy bilen bilelikde guramagynda Saýat etrabynyň Garamahmyt Geňeşligindäki «Enaý» haryt nyşanly doňdurma önümlerini öndürýän hususy kärhanasynda Saýat etrap Geňeşiniň gatnaşmagynda gepleşik ýazgy edildi.

Gepleşigiň  dowamynda oňa gatnaşanlar hususy kärhanada alnyp barylýan işler, tomus günlerinde çagalar bilen bir hatarda uly adamlaryň hem söýgüli önümi bolan doňdurma önümleriniň 21 görnüşi öndürilip, ilatymyzyň isleglerini doly kanagatlandyrýandygy, kärhanada zähmet çekýänleriň aglabasy ýaşlar bolup durýandygy barada buýsançly gürrüň etdiler.

Gepleşigiň ahyrynda ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi, hususy telekeçiligiň has-da ösdürilmegi ugrunda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýjan ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Öňki makala

FORUM – BU NÄME?

Meňzeş habarlar

10 Iýul 2025 | 1 okalan

ENAÝ – LEZZETE BAÝ

10 Iýul 2025 | 1 okalan

FORUM – BU NÄME?

10 Iýul 2025 | 1 okalan

DOGRAMA