Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze binalar toplumynda ilkinji gezek köpöwüşginli baýramçylyk çäresi – “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de türkmen alabaýynyň hormatyna guralan döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşikler ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň milli mirasy hem-de buýsanjy bolan itleriň bu meşhur tohumyny mundan beýläk-de wagyz etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça esaslandyryldy.
Türkmen medeniýetiniň we mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde alabaý sungatyň dürli görnüşleriniň wekillerini ajaýyp eserleri döretmäge ruhlandyrmagyny dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de degişli Permanyna laýyklykda yglan edilen döredijilik bäsleşigi halyçy gelin-gyzlary, heýkeltaraşlary, fotosuratçylary, neşirýat işiniň hünärmenlerini we teleoperatorlary has-da işjeňleşdirdi hem-de türkmenleriň wepaly dostlary bolan alabaýlara bagyşlanan birnäçe gyzykly döredijilik işlerini hödürlemäge mümkinçilik berdi. Bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň durmuşynda bu gaýduwsyz we akylly itiň eýeleýän ornuny görkezmekden ybaratdyr.
Bu ýerde alabaý köpdürli görnüşlerde: rahatlygynda we hereketde, owadan, tebigy görnüşleriň öňünde, bahar ýaýlalarynyň arasynda, awçylygyň dartgynly pursatlarynda, oba durmuşynda, halk däp-dessurlarynyň keşbinde, çagalaryň ýanynda we olaryň goraýan sürüleri bilen... görkezildi.
Alabaýyň güýç we çydamlylyk, ygtybarlylyk hem-de gaýduwsyzlyk, eýesine wepalylyk we ynamlylyk, onuň bilen şatlygyny hem-de gynanjyny paýlaşmaga taýýarlyk, maşgala agzalarynyň ählisine hoşniýetli garaýyş ýaly ajaýyp häsiýetleri çeper görnüşde beýan edildi. Alabaýlar tebigatyň görnüşleri şekillendirilen halylarda, zergärçilik bezeglerinde, nagyşly keramikada, metaldyr daşda, agaçda we beýleki serişdelerde şekillendirildi. Alabaý şekillendirilen sowgatlyk önümler, ajaýyp foto işler dürli görnüşlerde görkezildi. Şunda her bir eser öz öwüşgini, doly täsinligi hem-de bu gaýduwsyz we edermen ite bolan hormat bilen tapawutlandy. Käbir işler iň ownuk bölekleriniň fotografiýa takyklygy bilen haýran galdyrdy. Birnäçe eserler sungatyň utgaşyklylygyny ýüze çykardy. Şeýle işleriň hatarynda neşirýat önümleri bolup, şolar kompýuter dizaýnerleriniň we fotosuratçylaryň toparlaýyn işini hödürledi. Bäsleşige meşhur ussatlar bilen birlikde, bu işlere täze başlaýan ýaşlar hem gatnaşdylar. Iň oňat işler görnüşlere laýyklykda saýlanyp alyndy.
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň öňüsyrasynda bolsa özüne çekiji bäsleşik geçirilip, ol ajaýyp tohum itleriň iň oňat häsiýetlerini görkezmäge mümkinçilik berdi. Bu şowhunly çäre baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy.
Syn ediş meýdançasyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden deslapky tapgyrlarda saýlanyp alnan iň oňat alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Tohum itleriň her bir wekili: ady, ýaşy, nesil şejeresi baradaky maglumaty, eýesi bilen tanyşdyrylyp, eminlere we tomaşaçylara görkezilýär. Jemleýji tapgyra çykanlaryň ählisi meşhur ata-babalaryndan gözbaş alýan ol ýa-da beýleki nesil ugruny dowam edýär hem-de janköýerleriň köp sanlysy arassa ganly alabaýlara häsiýetli bolan alamatlara baha berip bildiler.
Itleriň eýeleri öz wepaly dostlarynyň daş keşbiniň aýratynlyklaryny hem-de başarnyklaryny mynasyp görkezdiler. Mizemezligi, wepalylygy, güýç-kuwwaty we şol bir wagtda dostanalygy, mähirliligi alamatlandyrýan alabaýyň keşbi halkymyzyň aň-düşünjesinde wepaly ýoldaşy bilen bilelikde geçilen uzak taryhy ýoluň dowamynda kemala geldi.
Hakyky alabaýyň daş keşbi birsydyrgynlygy, sazlaşykly we deň ölçegli gurluşy bilen haýran galdyrýar. Tohum itleriň aýdyňlyk bilen ýüze çykýan alamatlary – kellesiniň uly, boýnunyň kuwwatly, döşüniň giň, aýak uçlarynyň berk, biliniň güýçli bolýandygyndan we oňat ösen dem alyş ulgamyndan ybaratdyr. Ol asylly hereketleri, ynamdarlygy we rahatlygy bilen haýran galdyrýar.
Milli itşynaslygyň iň oňat däplerini ösdürmegi höweslendirmegi maksat edinýän bäsleşik bu tohum itleriň köpeldilmegi, arassa ganlylygynyň saklanylmagy, dünýäde wagyz edilmegi bilen baglanyşykly usullary ylmy esasda kämilleşdirmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir. Itleriň bu ajaýyp tohumlarynyň köp sanly janköýerleri olaryň täsin daş keşbi bilen birlikde, bäsleşigiň dowamynda ýüze çykaran edermenligine we başarjaňlygyna baha berdiler. Kinologyň ussatlygy iti päsgelçiliklerden geçmegine gönükdirmeginde jemlenýär. Şol päsgelçiliklerden geçilende, tizlik we takyklyk göz öňünde tutulýar. Bäsleşige gatnaşýan alabaýlaryň öňünde anyk wezipeler, şol sanda birnäçe gurallardan ybarat bolan päsgelçiliklerden aşmak ýaly ugurlar goýuldy.
Bäsleşikleriň netijelerini jemlemegiň hem-de düzümine tejribeli we bilimli hünärmenler giren eminler toparynyň çözgüdini yglan etmegiň wagty geldi. Eminler toparynyň başlygy, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy Saragt Babaýewe söz berilýär. Ol bu ýere ýygnananlaryň adyndan ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler, halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itlerini dünýä ýaýmaga ýardam berýän ajaýyp baýramçylygyň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra eminler toparynyň başlygy “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi A.Gulberdiýewe “Türkmen alabaýy” atly haly eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň grafika kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby B.Baýramowa “Türkmen alabaýy” atly nakgaş eseri üçin; Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň müdiri P.Mämiýewe “Türkmen alabaýy” atly heýkel eseri üçin; Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň kompýuter operatory, suratçy dizaýneri B.Mämmetgurbanowa “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” kitabynyň bezeg işleri üçin; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory D.Hudaýberdiýewe “Türkmen alabaýy” atly wideoşekili üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgat we şahadatnama gowşuryldy.
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejä Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşurylýar.
Bäsleşigiň ýeňijileri çeken zähmetlerine berlen ýokary baha we itşynaslygyň ösdürilmegine berilýän uly üns üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen alabaýynyň bütin dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine tagallalaryny we ukyplaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.
Ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň itşynaslarynyň adyndan Akbaş atly alabaýyň güjügi sowgat berildi.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ilkinji gezek bellenilen goşa baýram – ahalteke bedewiniň hem-de türkmen alabaýynyň baýramçylygy halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň ata-babalarymyzyň wesýet eden milli gymmatlyklaryna ygrarlylygynyň aýdyň beýanyna, ýetip gelýän şanly seneleri – Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny ähli ugurlarda uly üstünlikler bilen garşylaýan türkmenistanlylaryň belent ruhy galkynyşynyň subutnamasyna öwrüldi.