ASYLLY TERBIÝE – ÝAGTY GELJEGIŇ UMYDY

Edep her bir halkyň milli ruhuna mahsus bolup, asyrlaryň jümmüşinde dürli ýagdaýlarda dörän, timarlanyp, halkyň paýhas eleginde saýhallanyp, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlykdyr, şeýle hem halkyň terbiýeçilik mekdebi bilen berk baglanyşyklydyr. Edep her bir halkyň milli terbiýeçilik mekdebiniň bir ýere jemlenmesidir, terbiýeçilik işiniň binýadydyr. Çaga ynsanyň geljegine umyt döredýän, her bir öýe nur paýlaýan dowamaty, arzuw-umytlarynyň gözbaşy, durmuşyň bezegi. Ol milletiň we döwletiň buýsanjy, daýanjy hem-de geljegidir. Çaga ilki maşgalada soň çagalar bagynda, mekdepde terbiýelenip, edep, durmuş medeniýetini öwrenýär. Çagalara edep öwretmek, belli bir hünäre höwes, söýgi döretmek ählimiziň işimizdir, her bir adamyň nesilleriň öňündäki parzydyr, borjudyr. Çagany terbiýelemekde onuň haýsydyr bir käre bolan ukybyny kesgitlemek terbiýe bermegiň ilkinji wezipesidir. Çagalar alan terbiýeleriniň esasynda ata Watana mynasyp ogul-gyzlar bolup ýetişýärler. Gahryman Arkadagymyzyň merdana türkmen ýigitleri barada «Halkymyzyň merdanalyk mekdebi – bu Watan söýgüsiniň heniz asla ýazylmadyk sowadyny öwredýär. Çünki ata-babalarymyzyň pähim-paýhasly terbiýe, edep-ekram hakyndaky nesihatlary, görüm-göreldeleri hakydalarymyzda ebedi ýaşaýar» diýip parasatly belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen ajaýyp sözleri halkymyzy buýsandyrýar.

Edep-ekram bu ynsanda gowy gylyk-häsiýetleri, belent adamkärçiligi, jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky medeniýetliligi hem-de beýleki ahlaklylyk sypatlaryny özünde jemleýär. Sypaýy, hoşgylaw, ýagşyny-ýamany saýgarýan, ulynyň-kiçiniň sarpasyny saklamagy başarýan ynsanlar edep-ekramly adamlardyr. Edep, bilim öwretmek asyrlar dowamynda şahyrlaryň şygyrlarynda, eserlerinde, halk döredijiligiň žanrlarynda öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem täsirini ýitirmän, döwürleriň içinde milli terbiýeçilik ulgamyny emele getiren «Kowusnama» eserinde çaganyň akylly-başly, belent ahlakly sypatlaryny özünde jemleýän ynsanlar bolup ýetişmegine uly ähmiýet berilýär. Ahlak terbiýesi, edep-ekram baradaky pähim-paýhaslar Kowusnamada beýan edilýär. Oguzhan atamyzyň, Gorkut atanyň, Kowusnamanyň nesillerden nesillere miras bolup gelýän ahlak düzgünleri, halkymyzyň milli ruhuna meňzeş däp-dessurlary, edim-gylymlary kämil edep kadalary, biziň şu günki günlerimizde hem giňden ulanylýar. Danalaryň pähim-paýhaslary ýaş nesilleriň aňyna yzygiderli ýetirilýär. Ösüşlere, özgerişlere beslenýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen bagtyýar çagalara, ýaşlarymyza edep öwretmek, terbiýe bermek barada edilýän aladalar, gazanylýan üstünlikler milli medeniýetimizi belentliklere çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň gelejeginiň has-da röwşen boljakdygyny aýdyň beýan edýär.

Çynar MÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

25 Iýul 2025 | 16 okalan

ÝAŞLAR HÜNÄR SAÝLAÝAR

24 Iýul 2025 | 48 okalan

ASYLLY TERBIÝE – ÝAGTY GELJEGIŇ UMYDY