AWAZA FORUMY - HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ BEÝIK NUSGASY

Şu ýylyň 13-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly meselelere garaldy. Bu çäreler ata Watanymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrüler.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde ýedi ugurly forumlar geçiriler. Onuň dowamynda Ýaşlar forumynyň hem geçirilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagydyr. Watanymyzyň beýik geljegini ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiz ýaşlar syýasatyny möhüm ugurlaryň hataryna çykaryp, ýurdumyzyň kuwwatly daýanjy hökmünde nesilleriň ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi, olaryň medeniýetli, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri üçin amatly şertleriň döredilmeginiň berk binýadyny goýdy.

Halkara forumyň üstünlikli geçirilip, netijeli çözgütleriň kabul edilmegi halkara ähmiýetli işlere badalga bermäge uly ýardam eder. Awaza forumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany bolan Türkmenistan döwletimiziň, myhmansöýer türkmen halkynyň, şeýle-de gözel Awazanyň abraýynyň has-da beýgelmegine mynasyp goşant goşup, döwletara gatnaşyklarynyň  has-da pugtalanmagyna itergi berer.

Aýnatäç NEDIROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Balkanabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

25 Iýul 2025 | 25 okalan

ÝAŞLAR HÜNÄR SAÝLAÝAR

24 Iýul 2025 | 52 okalan

ASYLLY TERBIÝE – ÝAGTY GELJEGIŇ UMYDY