OKUW TEJRIBELIGI DOWAM EDÝÄR

Tomus dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Çagalaryň dynç alyşlaryny manyly hem-de şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzyň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gapylaryny giňden açdy. Şol merkezleriň biri hem Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Arzuw” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezidir. Häzirki wagtda bu ýerde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary okuw terbiýeçilik tejribeligini geçýärler. Halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda okuwda alan nazary bilimlerini tejribede kämilleşdirýärler.

Döwrebap dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilen merkezde wagtlaryny hoş geçirýän çagalar guramaçylar tarapyndan geçirilýän dürli zehin, ders, döredijilik, sport bäsleşiklerine höwes bilen gatnaşýarlar. Munuň özi, çagalaryň zehinlerini, olaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda körpe nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Zyýada ÝUSUBOWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Meňzeş habarlar

26 Iýul 2025 | 6 okalan

ÝAŞLAR HÜNÄR SAÝLAÝAR

26 Iýul 2025 | 6 okalan

OKUW TEJRIBELIGI DOWAM EDÝÄR

25 Iýul 2025 | 36 okalan

TÄSIRLI GEÇEN GEZELENÇ