Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum

12-nji maýda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bu forum “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirildi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen forum diňe bir däp bolan görnüşde däl, eýsem, dünýäniň onlarça ýurtlary bilen teleköpri görnüşinde hem geçirilýär.

Foruma gatnaşanlaryň hatarynda hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dünýäniň esasy nebitgaz, hyzmat ediş we konsalting kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Bu çärä dünýäniň onlarça ýurdundan 500-e golaý wekil, iri kompaniýalaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Bu bolsa daşary ýurtlaryň işewür toparlary üçin Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiliginiň artýandygyndan habar berýär.

Umumy mejlis energetika bazarlaryndaky ählumumy ýagdaýlara hem-de dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanyldy.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, soňky on ýylda Türkmenistanyň önümçilik pudagyna ägirt uly möçberde döwlet hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny gönükdirip, milli ykdysadyýetimizi yzygiderli we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin pugta binýadyň döredilendigi nygtaldy. Şunda has iri maýa goýumlar nebitgaz pudagyna gönükdirilýär.

Dünýäniň energetika ulgamynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş boýunça çaklamalary ara alyp maslahatlaşmaga, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjabana, Halkara energetika forumynyň baş sekretary Jozef Mak Monigl, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Kristina Weýgand, Beýik Britaniýanyň Premýer ministriniň Türkmenistandaky söwda wekili Nikolson Uinterbornskaýa, Azerbaýjan Respublikasynyň “SOСAR Trading S.A” döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownag Abdullaýew we beýlekiler gatnaşdylar.

Çykyşlarda СOVID-19 pandemiýasyndan soň, dünýä ykdysadyýetini täzeden dikeltmegiň hem-de adamzada çynlakaý wehime öwrülen dünýä derejesinde howanyň maýlamagyny nazarda tutup, ekologiýa taýdan arassa ösüşe geçmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Çaklamalara görä, energiýa serişdelerine bolan isleg yzygiderli artar. Şunda tebigy gaz uglewodorod serişdeleriniň içinde iň isleg bildirilýäni bolar, çünki ol ykdysady we energetika taýdan netijeli, arzan hem-de ýangyjyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolup durýar. Elektroenergetika senagat ulgamy, ilkinji nobatda, önümleri giň gerimli durmuş we senagat harytlaryny, mineral dökünleri we beýlekileri öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýän nebithimiýa we gazy gaýtadan işleýän pudaklary gaza bolan has ýokary islegi üpjün eder. Şonuň bilen bir hatarda, ýaşaýyş-jemagat ulag ulgamlarynda tebigy gazyň sarp edilişi artar.

Forumyň işi “Bütindünýä energetika maksatnamasyny goldamakda halkara maliýe guramalarynyň wezipesi” diýen mejlis bilen dowam etdi. Şonuň çäklerinde СOVID-19-yň maýa goýumlaryna täsiri, nebitgaz kompaniýalarynyň howa baradaky Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny ýerine ýetirmek, nebitgaz taslamalaryny maliýeleşdirmekdäki soňky ýagdaýlar bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde daşary ýurtly kompaniýalar bilen şertnamalar, şol sanda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gidrousul bilen arassalanylan dizel ýangyjynyň, uçar kerosininiň, gyzdyrylan nebit koksunyň uly tapgyrlaryny satyn almak hakynda şertnamalar baglaşyldy.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika hem-de maliýe-ykdysady toplumlarynyň düzümindäki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda onlaýn duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary we anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.