Hormatly Prezidentimiziň telefon arkaly söhbetdeşligi

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda ýapon Hökümetiniň baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. Mälikguly aganyň yhlasly zähmeti, Türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary baradaky ýagşy ýatlamalar ynsan kalbynda hemişelik saklanar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medet beriji sözleri üçin jenap Ýosihide Suga minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň şu agyr pursatda gynanjyny paýlaşýandygyna ýokary baha berdi.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki döwürde türkmen-ýapon dostlukly aragatnaşyklarynyň işjeň we netijeli häsiýete eýedigini, özara düşünişmek, ynanyşmak hem-de birek-birege goldaw bermek gatnaşyklarynyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny nygtap, iki ýurduň syýasy gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Ýosihide Suga döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we onuň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem söhbetdeşler Türkmenistanda durmuşa geçirilýän we milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly ösdürilmegine, täze, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň, dünýä bazarlarynda ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge niýetlenen senagat kärhanalarynyň döredilmegine gönükdirilen iri möçberli, uzakmöhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini nazara almak bilen, ähmiýetli taslamalar boýunça işleriň dowam etdirilmelidigini nygtadylar.

Nebitgaz toplumy, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk pudaklary, suw hojalygy we dokma senagaty ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynyň we olaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň möhüm şerti bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Söhbetdeşler ylym-bilim ugry boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen hünärmenlerini okatmakda we taýýarlamakda berýän goldawy üçin ýapon tarapyna minnnetdarlyk bildirdi hem-de hyzmatdaşlygyň bu ugurda üstünlikli dowam etjekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi. Milli energetika ulgamynda möhüm hasaplanylýan bu desga ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatynyň artdyrylmagyna itergi berer we türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini aňladýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Sugany gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Milli Liderimiz şol saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Birek-birege ynanyşmak we dostlukly ýagdaýda geçen telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Premýer-ministri birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de türkmen we owgan halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

“Goý, mukaddes Oraza aýynyň sahawatly günlerinde berjaý eden dessurlaryňyz hem-de doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, häzirki wagtda iki ýurduň gatnaşmagynda bu ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.

Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe tarapyndan gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde döredilen “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mohammad Aşraf Gani bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigini, sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ägirt uly goşant boljakdygyny nygtadylar.

Döwlet Baştutanlary däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň we Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň oňyn tejribesine daýanmak bilen, bar bolan mümkinçilikleriň köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylýandygyna ýokary baha berdiler.

Döwlet Baştutanlary mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi ýene-de bir gezek gutlap, dostlukly ýurtlaryň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Biziň halklarymyzy köpasyrlyk umumy taryh, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni we ruhy däpler birleşdirýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani hoşlaşanlarynda döwletara gatnaşyklaryň dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň iň gowy däplerine, halklaryň hoşmeýilli erk-islegi esasynda ähli ulgamlarda has-da giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de türkmen we gyrgyz halklaryna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Gyrgyzystanyň Baştutany şeýle hem milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi – kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we gyrgyz halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sadyr Japarowa duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Gyrgyzystanyň halkynyň we onuň Lideriniň agyr ýitgi zerarly, goldawyna we medet beriji sözlerine ýokary baha berýändigini nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz kärdeşini sala-salşyklaryň üstünlikli geçirilmegi we täze Konstitusiýanyň kabul edilmegi bilen gutlap, Esasy Kanunyň Gyrgyzystanyň mundan beýläk hem ösmeginde ygtybarly binýat boljakdygyny hem-de gyrgyz halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Japarow döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de okgunly ösýändigini aýdyp, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, hususan-da, ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary has-da berkitmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Iki ýurduň abraýly guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygy bellenildi.

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Liderleri iki döwletiň mizemez dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtadylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Japarow ýene-de bir gezek dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza baýramy bilen birek-biregi gutlap, doganlyk halklara parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Jomart Tokaýew söhbetdeşligiň barşynda özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de açyklyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň strategik we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Bu babatda uzakmöhletleýin esasda netijeli özara gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Iki ýurduň Liderleri özara gyzyklanmalara halklarymyzyň taryhy, medeni hem-de ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan dostlukly türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hoşniýetli goňşuçylyk hem-de umumy bähbitlere gönükdirilen özara hyzmatdaşlygyň ruhunda depginli ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon gepleşiginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Jomart Tokaýew birek-biregi ýene-de bir gezek mukaddes Oraza baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.