17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Tatarystanyň Baştutany “Oguz han” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde ony döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow birek-birek bilen mähirli salamlaşdylar. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanlary ýadygärlik surata düşdüler. Soňra Prezidentler ikiçäk duşuşygyň geçirilýän ýerine geldiler.
Milli Liderimiz Tatarystanyň Baştutanyny myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, şeýle hem türkmen we tatar halklarynyň taryhy taýdan kemala gelen medeni, ruhy umumylygyna esaslanan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň Baştutanyna öz adyndan we Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna hem-de heläkçilige sebäp bolan pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.
Prezident Rustam Minnihanow mähirli kabul edilendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigi, medet beriji sözleri we şu agyr pursatda bildiren duýgudaşlygy üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi.
Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimize kakasynyň aradan çykmagy zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we ähli tatarystanlylaryň adyndan medet beriji sözlerini beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz bildiren gynanjy we medet beriji sözleri üçin Prezident Rustam Minnihanowa minnetdarlyk bildirip, türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny, dürli derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary we umuman, hoşniýetli goňşuçylykly türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan sapary mahaly beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz Prezident Rustam Minnihanowa türkmen wekiliýetiniň sapary mahalynda bildiren myhmansöýerligi hem-de onuň resmi wekiliýetiň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedowa Tatarystanyň ýokary döwlet sylagyny gowşurandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly alymlaryň koronawirus ýokanjyna garşy waksinany işläp taýýarlamakdaky üstünligini belledi hem-de onuň Türkmenistana iberilendigi üçin öz minnetdarlygyny beýan etdi.
Prezident Rustam Minnihanow iki ýurduň Liderleriniň yzygiderli tagallasy netijesinde ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny kanagatlanma bilen belledi we bu gatnaşyklaryň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Tatarystanyň Baştutany pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramy bilen gutlady. Prezident Rustam Minnihanow ýurdumyza soňky saparyndan bäri geçen döwürde şäheriň has-da gözelleşendigini, täze binalar toplumynyň kemala gelendigini nygtady hem-de türkmen halkyny milli Liderimiziň baştutanlygynda ýetilen belent sepgitler bilen gutlady.
Tatarystanyň Baştutany çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde dowam etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysynyň bilelikdäki ulag kerweni Aşgabadyň Halkara howa menziline tarap ugrady. Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Kazanyň dikuçar zawodynda öndürilen hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin niýetlenen “Mi-17-1W” kysymly dikuçarynyň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Iki döwletiň Baştutanlary dikuçara münýärler. Dikuçar öndürýän zawodyň wekili täze köpugurly howa gämisiniň tehniki hem-de hereket ediş häsiýetnamalary, enjamlaşdyrylyşy barada gürrüň berdi. Lukmançylyk dikuçary ýöriteleşdirilen enjamlar, şol sanda monitor-defibrillýatorlar, drenaž aspiratory, öýken emeli howa enjamlary, elektrokardiograf we beýlekiler bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, infuzion erginlerini saklamak üçin ýylylyk geçirmeýän konteýner, wakuumly immobilizasiýa düşekleri, intubasiýa üçin enjamlar toplumy, ulular we çagalar üçin boýun-oňurga fiksatory, wakuum fiksatory, beýleki ugurdaş gurallar, ýanyga garşy serişdeler bar.
Lukmanlaryň ygtyýaryna gelip gowşan «Mi-17-1W» dikuçarlary ilata gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermäge, heläkçilik çekenleri, näsaglary, şol sanda agyr hassalary getirmäge niýetlenendir.
Lukmançylyk maksatly dikuçar öýkeniň emeli howalandyryjy abzaly, Сorpuls-3 GS013 monitorlaşdyryş we defibrilýasiýa ulgamy, Сompaсt S perfuzorlary, infuziomat FMS, drenažly aspirator, PM-60 pulsoksimetr, Aссu-Сhek Performa glýukometri, ýanyga garşy STS toplumy we beýleki enjamlar bilen üpjün edilendir. Derman we sarp edilýän serişdeler, adamyň oňurgasyna, boýnuna we eline, aýagyna şikes ýetende ulanylýan dürli görnüşli seýikler, ýöriteleşdirilen näsag göteriji zemmer üçin ýörite gutular bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň köpugurly esasda ösdürilýändigine kanagatlanma bildirip, dost-doganlygyň we ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklara wepadarlygyň nyşany hökmünde Prezident Rustam Minnihanowa Akdost atly türkmen alabaýyny sowgat berdi. Tatarystanyň Baştutany özboluşly sowgat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow ýurdumyza saparyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.