“Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň döredijilik zehininiň miwesi bolan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen paýtagtymyz Aşgabat şäherini giňden wasp etmek, ýaşlary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmak, şeýle-de ýaşlary sanly ulgamda wagyz etmäge işjeň çekmek, internet torlaryny netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş waspçylarynyň arasynda yglan edilen “Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik döredijiligiň dört ugry:

  • fotosuratçylyk
  • nakgaşçylyk
  • goşgy ýazmak
  • makala ýazmak

ugurlary boýunça geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeklerinden dürli kärde zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar we hersi öz başarnyklaryna görä saýlan ugurlary boýunça bäsleşdiler. Fotosuratçylyk ugry boýunça ýaşlar paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň tebigatynyň gözellikleriniň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, daglarynyň we düzleriniň, medeni we durmuş maksatly binalarynyň ajaýyp şekillerini emeli usul ulanmazdan fotosuratlarda beýan etdiler. Nakgaşçylyk ugry boýunça bäsleşige gatnaşyjylar elde çekilen suratlaryny hödürlediler. Makala ýazmak ugry boýunça bäsleşige gatnaşyjy ýaşlar gözel paýtagtymyzyň waspyny täsirli we gyzykly maglumatlara baý bolan makalalaryň üsti bilen açyp görkezdiler. Goşgy ýazmak ugry boýunça bäsleşige gatnaşyjy ýaşlar merjen paýtagtymyzy çeper sözler arkaly goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler.

Netije-de ähli ugurlar boýunça geçirilen bäsleşikleriň iň kämil nusgalary saýlanyp alyndy we awtorlaryna baýrakly orunlar berlip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Umyda KAKAÝEWA,

Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň bölüm müdiri.