20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň – tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz dikuçarda Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň çäklerine geldi.
Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory hormatly Prezidentimize iň kämil, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kuwwatly zawody gurduryp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Direktor bu ýerde işleriň talaba laýyk ýola goýlandygy, tehnologik prosesleriň yzygiderli alnyp barylýandygy, ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýokary hilli benziniň önümçiligini birsyhly artdyrmak boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz zawodyň dolandyryş merkezine geldi. Bu ýerde hünärmenler hormatly Prezidentimize toplumyň önümçilik işiniň guralyşy hem-de taýýar önümiň emele getirilişi barada gürrüň berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hünärmenler bilen gürrüňdeş bolup, onuň bu ýerdäki zähmet şertleri, maşgala ýagdaýy, bilimi bilen gyzyklandy. Toplumyň işgärleri bu ýerde işlemek üçin hemme şertleriň döredilendigini aýdyp, munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we ugurdaş okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Şonuň barşynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy üçin ýakyn geljege gönükdirilen möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň her biriniň pudagy ösdürmekde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
***
Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtymyzda Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny we onuň ýanaşyk ýerlerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işlerini synlady.
Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň işewürlik merkeziniň esasyny düzýän “Garagum” myhmanhana toplumynyň ýerleşýän ýeriniň üstünden öwrüm etdi. Bu ýerde häzirki zaman seýilgäh toplumy we döwrebap ýerasty geçelgesi bina edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, desgalaryň gurluşygy ýokary hil derejesinde amala aşyrylýar hem-de bellenilen möhletde tamamlanar.
Bu gün 140 ýyllyk şanly toýuna barýan Aşgabat ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýar. Paýtagtymyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynda innowasion we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar.
Döwlet Baştutanymyz uçuşyny dowam edip, paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde gurluşygy batly depgin bilen dowam edýän “Aşgabat” söwda toplumynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek bu toplumda söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini ýola goýmak, telekeçileriň alyp barýan işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň günorta künjegine tarap ugur aldy. Milli Liderimiz guşuçar belentlikden bu künjekde alnyp barylýan işleri, seýilgählere we gök zolaklara edilýän ideg işleri hem-de döwrebap binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz uçuşynyň dowamynda şäheriň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Arkadag” myhmanhanasynyň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklanyp, onuň töwereklerinde döredilýän seýilgäh zolaklaryny, bina edilen desgalaryň özboluşly sazlaşygyny synlady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak hem-de olaryň uzakmöhletli geljege niýetlenilmegi, sazlaşyklylyk we oňaýlylyk, adamlaryň abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek meseleleri şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.