22-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä – Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow irden paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere geldi. Bu ajaýyp, döwrebap şaýollar Köpetdagyň eteginden uzalyp, Aşgabadyň kemala gelýän işewürlik merkezi bilen ajaýyp sazlaşýar.
Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.
Mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk senesiniň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda bag nahallarynyň millionlarça düýbüni ekmek hem-de ozalky ekilen baglara ideg etmek işleri bellenildi.
Bular barada milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň 21-nji maýda geçirilen mejlisinde aýdyp, öz zähmetimiz bilen merjen paýtagtymyzy has-da gözel, arassa görnüşe getirmäge her birimiziň goşandymyzy goşmalydygymyzy belledi. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzyň arassaçylyk, abadançylyk we ekologik derejesiniň ýokarlanmagynda, baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreleriň netijeli, ruhubelent häsiýete eýe bolmagynda ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ählihalk ýowaryna paýtagtymyzyň hemme ýaşaýjylarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň işjeň gatnaşmagy ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunyň artmagyny we olara zähmet terbiýesiniň berilmegini şertlendirer.
Köpçülikleýin ýowar çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekilen bag nahallaryna ideg edip başlamagy bilen badalga berildi.
Şu günki ählihalk ýowary giň gerimli çäre bolup, ol ene topraga söýginiň alamaty hökmünde tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyryldy. Asylly çäräniň dowamynda ozal oturdylan agaç nahallaryna ideg etmek boýunça çäreler görüldi, arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleri geçirildi.
Çärä gatnaşyjylaryň arasynda köp sanly ýaşlaryň bolmagy ösüp barýan ýaş nesilleriň okuwlaryny zähmet bilen utgaşdyrmagy, ene topraga, gözel Diýarymyzyň tebigatyna söýginiň kemala getirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini aňladýar. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň döreden asylly ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki ýowara gatnaşýan, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar, şol sanda bu ýerde bilim-terbiýe alýan uçurymlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň hal-ýagdaýy, okuwlary bilen gyzyklandy. Uçurymlardan haýsy käriň eýeleri bolaslary gelýändigini, näme arzuw-islegleriniň bardygyny sorady.
Gyzykly söhbetdeşligiň barşynda çagalar döwlet Baştutanymyza özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.
Olaryň her biri milli Liderimize öz ýürek arzuwlary barada aýdyp, kimsi mugallym, kitaphanaçy, kimsi lukman, telekeçi bolaslarynyň gelýändigini gürrüň berdiler. Çagalaryň agramly bölegi kompýuter işleri boýunça hünärmen bolmagy arzuw edýändiklerini aýtdylar. Häzir bu hünäre bolan isleg barha artýar. Okuwçylaryň biri geljekde ökde ykdysatçy bolmak isleýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňdeşligi dowam etdirip, “Bir okana bar, bir dokana” diýen parasatly atalar sözüni mysal getirdi. Milli Liderimiz çagalara bu jümläniň manysyny düşündirmek bilen, okap bilim almagyň, şonuň bilen birlikde-de, hünär öwrenmegiň ynsan durmuşynyň mazmunyny açyp görkezýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz zähmetiň, esasan-da, hünäre bolan höwesiň ýokary derejede bolmalydygyna ünsi çekip, bu ýerde terbiýelenýän gyzjagazlaryň hem asyrlar aşyp gelýän zenan hünärlerini dowam etdirmelidiklerini, şeýlelik bilen, zehin siňdirip, milli buýsanjymyza öwrülýän gymmatlyklary döretmelidiklerini aýdyp, olara öwüt-ündewlerini berdi.
Gyzlar hem öz gezeginde gadymdan gelýän el hünärini dowam etdirmäge bolan höwesleri barada gürrüň berdiler. Olar ýakynda paýtagtymyzdaky muzeýde bolup, Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis önümleriň beýik işlere ruhlandyrýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar.
Milli Liderimiz ýaşlar bilen gürrüňini dowam edip, olara öwüt-ündew bermek bilen, durmuşda hemişe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň örän möhümdigini aýtdy. Bu ugurda döwletimiz tarapyndan döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň durmuşlary, okuwlary we olaryň hünär eýeleri bolmaklary bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklajakdygyna ünsi çekdi.
“Size durmuş garaşýar. Öz ykbalyňy beýik we tutumly işler bilen berk baglanyşdyrmak – Garaşsyz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek, il-günümiziň bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek uly bagtdyr, abraý-mertebedir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz ýaşlara atalyk nesihatlaryny bermek bilen, döwletimiziň olara her bir asylly başlangyçlarynda hem-de ýüreklerinde beslän arzuwlaryna ýetmekde hemişe goldaw berjekdigini we alada etjekdigini belledi.
Döwletliler köşgüniň okuwçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özleri barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde hemmetaraplaýyn ösen, ýokary bilimli, beden we ruhy taýdan kämil nesil bolup, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Döwlet Baştutanymyz şu günki çärä gatnaşyjylara – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de ýurdumyzyň bilim ministrine ýüzlenip, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe almagy, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy hem-de häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp bilmekleri bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Bu ugurda edilýän tagallalar ýaşlaryň durmuş we zähmet ýolunda uly üstünlikleri gazanmaga, Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra şu günki ekologik çärä gatnaşan ýaşlaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Döwletliler köşgüniň okuwçylarynyň biri milli Liderimize öz ýazan goşgusyny buýsanç bilen okap berdi:
Joşýar, göwnümiz joşýar
Eziz Arkadag bilen.
Toýlar toýa ulaşýar
Eziz Arkadag bilen.
Topragy tylla Watan,
Erteki ylla Watan,
Kalbymyzda aýdym sen,
Şygyr sen dilde, Watan!
Aşgabadym – ak bagtym,
Ýüz kyrk ýaşly paýtagtym,
Aýdyň ýolly geljegi,
Aziýanyň merjeni.
Öňe, öňe jan Watan,
Eziz, mähriban Watan!
Bagtyýar ömrümize
Şirin-şerbetin gatan!
Sag bol, eziz Arkadag!
Sag bol, eziz Howandar!
Siziň bilen hemişe
Bagtyýar biz, bagtyýar!
Döwlet Baştutanymyz ýaşlara uly üstünlikleri arzuw edip, wakanyň bolýan ýerinden ugrady.
Soňra hormatly Prezidentimiziň adyndan Döwletliler köşgüniň okuwçylaryna ajaýyp sowgatlar gowşuryldy. Olar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzy has-da ösdürmegiň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Ählihalk ýowary bu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.