Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban uçurymlar!
Sizi 2020-2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy we bilimler dünýäsinde täze belent maksatlara ruhlandyrýan «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Adamzadyň döreden iň gymmatly mirasy terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym we bilimdir. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny şanly wakalar bilen şöhratlandyrýan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Soňky jaň» dabarasyna bagyşlanan çäreleriň bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny, güýç-gaýratyny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etjek bagtyýar ýaşlarymyzda ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine berk ynanýaryn.
Bagtyýar uçurymlaryň – geljegimiz bolan ýaşlaryň bilim-terbiýe alan mukaddes bilim ojagy bilen hoşlaşyk pursatlaryny öz içine alýan «Soňky jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda orny hem-de ähmiýeti barha ýokarlanýar. Bu ajaýyp baýramçylygyň Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy bilen gabat gelmegi bolsa «Soňky jaň» dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Däp bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň we agzybir halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolýan ýylynda güneşli Diýarymyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň ählisinde baýramçylyk çäreleri geçiriler. Uçurymlaryň, mugallymlaryň, bilim işgärleriniň hem-de ähli halkymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän dabaralar eziz Watanymyzyň bagtyýarlygyň mekanydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Ähli gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrman eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak watansöýüji nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr. Mähriban ýaşlarymyz täze durmuş ýolunda aýgytly ädimler bilen öňe ynamly gadam urup, döwrebap ylymlary we bilimleri özleşdirip, berkarar döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidirler.
Mähriban uçurymlar!
Ylym hem-de bilim ynsan durmuşyna röwşen nuruny saçýar. Şu ýörelgeden ugur alyp, biz milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we giň gerimli özgertmelerimiziň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýäris. Ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak, täze bilim toplumlaryny döretmek, sanly bilimi ösdürmek arkaly bilimiň many-mazmunynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagy, ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Bu bolsa ýaşlarymyzyň halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimleriniň has-da artmagyna, ylym we döredijilik işlerine höwesiniň döremegine, dünýägaraýyşlarynyň giňemegine ýardam berýär.
Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, milli ýörelgelerimize wepaly ýaşlar halkara olimpiadalarda we bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup, üstünlikli çykyş edýärler. Biz zehinli, başarjaň ýaşlarymyza örän guwanýarys! Adamzadyň iň ajaýyp, iň gözel ahlak sypatlaryny özlerinde jemleýän ýiti zehinli, ylym-bilimli, watansöýüji, ýüzleri nurana, geljegine ynamly gadam urýan ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň – berkarar döwletimiziň bagtyýar nesilleriniň kemala gelmegi ýurdumyzyň bilim kuwwatynyň artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Geljekde biziň başlangyçlarymyzyň mynasyp dowam etdiriljekdigine uly ynam döredýär.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Bilim täzelenişiň we döredijiligiň, ösüşiň esasyny düzýär. Şu beýik maksatdan ugur alyp, biz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ösüşinde, uzak möhletli milli maksatnamalarymyzyň amala aşyrylmagynda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýäris. Bu ugurdaky özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaşlarymyzyň belent ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelenmegi mugallymlaryň, bilim işgärleriniň döredijilik we hünär ussatlyklaryna, öňdebaryjy iş tejribelerine baglydyr.
Geljegimiz bolan ýaş nesilleri eziz Watanymyzyň mynasyp ogullary we gyzlary hökmünde terbiýelemekde mugallymlaryň, bilim işgärleriniň hünär ussatlyklarynyň, alyp barýan netijeli işleriniň örän uly ähmiýeti bar. Siziň zehinli, döwrebap pikirlenmegi başarýan, eziz Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýän nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky ýadawsyz we yhlasly zähmetiňiz geljekki ösüşlerimiziň berk binýadydyr.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban uçurymlar!
Sizi «Soňky jaň» dabarasy we okuwyňyzy üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi we dostlugy ýörelge edinen mähriban ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmekde, agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrmakda gujur-gaýratyny, zähmetini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna berk ynanýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, ýoluňyzyň ak, ýürekleriňizde besleýän arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny arzuw edýärin, mähriban uçurymlar!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.