25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda şanly sene mynasybetli açylýan 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli şäheriçi ugurlary boýunça hereket edýän täze awtobuslaryň köp sanlysy ýollara çykdylar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça awtobuslar baýramçylyk gününde ýolagçylary mugt gatnadýarlar.
Ýolugra hormatly Prezidentimiz bu ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny we paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginiň tebigy aýratynlyklaryny synlady.
Säher bilen bu ýerde hemmeler üçin şatlykly ýagdaý emele geldi. Ýurdumyzda jaý toýlarynyň jemgyýetimiz üçin ähmiýetli şanly seneler bilen utgaşdyrylmagy asylly däbe öwrüldi. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar. Demirgazyk künjekde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri şol dabaralaryň özboluşly dowamyna öwrüldi.
Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Watanymyzy, şöhratly taryhymyzy we şu günki bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän goşgy setirleri, joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
Şeýle hem bu ýerde taryhy ähmiýetli waka mynasybetli we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň hormatyna ajaýyp edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Onuň dowamynda Aşgabat şäheriniň taryhyny, onuň durmuş aýratynlygyny giňişleýin beýan edýän görnüşler has-da täsirli boldy. Munuň özi döwürleriň we nesilleriň özboluşly arabaglanyşygyny alamatlandyrýan şatlykly pursatlara beslendi.
Milli Liderimiz çykyşlara tomaşa edip, bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze ýaşaýyş toplumynyň toý bagyny kesdi. Onuň ulanylmaga berilmegi paýtagtymyzyň ilaty üçin Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň şanly senesi mynasybetli ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Bu ýerde birbada 140 jaýyň ulanylmaga berilmegi paýtagtymyzyň şanly ýubileýini alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz toplumyň çägine girdi. Köçeleriň ugrunda aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň, sungat ussatlarynyň çykyşlary biri-biriniň üstüni ýetirdi. Bu bolsa türkmen halkyna mahsus myhmansöýerlik däplerine laýyk gelýän we türkmen toýlaryny alamatlandyrýan çykyşlara öwrüldi.
Milli Liderimiz gurlan binalaryň gurluşyny, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki binalarda adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, oňaýly ýaşaýşy we dynç alşy üçin oňyn şertler üpjün edildi. Binalaryň gurluşygynda ähli ugurlar, şol sanda jaýlaryň bezeg aýratynlyklarynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmegi ýola goýuldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda we sebitlerde gurulýan desgalaryň hil derejesine bellenilen möhletde tamamlanmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Öý eýesiniň belleýşi ýaly, onuň özi lukman, maşgalasy hem saglygy goraýyş ulgamynda işleýär. Öý eýeleri halkymyzyň abadan durmuşy barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň netijesinde ildeşlerimiziň köpüsi ähli amatlyklary özünde jemleýän jaýlara göçüp gelmek bagtyna eýe boldy. Bu ýerde döredilen şertler döwrüň hil we amatlylyk talaplaryna doly gabat gelýär.
Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurlan jaýlaryň otaglarynda, aşhanalarynda we beýleki desgalarynda zerur mümkinçilikler üpjün edildi. Her ýaşaýyş jaýynyň özüniň mellek ýeri bolup, bu ýerde ekerançylyk, bagçylyk bilen meşgullanmak üçin şertler bar. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy. Umuman, bu ýerde bir bitewi sazlaşyk döredildi. Şeýle hem binalaryň gurluşygy we bezeg aýratynlyklary utgaşykly ýerine ýetirildi.
Lukmanlar maşgalasyndan bolan öý eýeleri häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, adamlaryň mynasyp ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýandygyny uly guwanç bilen bellediler.
Milli Liderimiz öý eýelerini şu günki şanly sene we täze ýaşaýyş jaýyna göçüp gelmekleri bilen ýene bir gezek gutlap, berk jan saglyk, işlerinde üstünlikler arzuw etdi we maşgala agzalaryna toý sowgatlaryny gowşurdy. Öý eýeleri hem, däbe görä, toý düwünçegini gowşurdylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz täze jaýlary synlamagy dowam etdirdi. Bu gün bu ýerde aýdym-saz ýaňlanyp, türkmen halkynyň medeni däpleri hem-de häzirki zaman milli sungaty sazlaşykly utgaşdy. Esasy zat bolsa, bu günki dabaralar türkmenistanlylaryň gülläp ösýän Diýarymyza hem-de ak mermerli gözel paýtagtymyza çuňňur buýsanjynyň beýany boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.