Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni hem-de onuň döredilmeginiň 140 ýyllygy bellenilýän günde paýtagtymyzda doglan ilkinji çagalaryň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy hem-de mähirli gutlaglar, bagtly durmuş, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlar beýan edildi.
Körpejeler Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde dünýä indiler.
Selbi we Yslam Orazmyradowlaryň maşgalasynda oglanjyk, Aýna we Ýazmuhammet Atajykowlaryň maşgalasynda bolsa gyzjagaz doguldy. Bäbejikleriň ikisi hem bu maşgalalaryň birinji çagalarydyr.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine habar berlişi ýaly, körpejeleriň saglygy kadaly. Oglanjygyň agramy 3 kilogram 985 gram, gyzjagazyň agramy bolsa 3 kilogram 720 gram. Körpejeleriň ikisiniň hem boýy 53 santimetr.
Ýaş maşgalalar, heniz çagalary dünýä inmänkä, milli Liderimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda ilkinji doglan oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen ýa-da Maýa adyny dakmak baradaky teklibini uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu paýtagtymyza söýginiň, onuň taryhyna hormat-sarpanyň, halkymyzyň bagtly durmuşy üçin buýsanjyň özboluşly nyşany bolar.
Şoňa görä-de, körpejeleriň ene-atalary şeýle belent ýörelgeden ruhlanyp, oglanjyga Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen adyny dakmak kararyna geldiler.
Bagtyýar ene-atalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa maşgalany hem-de eneligi goldamak babatda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty, ýaş nesil baradaky yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
140 ýaşy arka atan Aşgabadyň ykbaly täsindir, ol halkyň geçen taryhy ýoluny özünde jemleýär. Öz adyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu şäher «Aziýanyň merjeni» diýlip atlandyrylýar. Aşgabat söýginiň hem-de arzuwlaryň amala aşýan şäheridir. Şäherleriň-de adamlaryňky ýaly, öz ykbaly hem-de häsiýeti bolýar. Olara ýyllar däl-de, ýetilen sepgitler boýunça baha berilýär. Taryha ser salmak bilen, biz häzirki döwrümize milli mirasymyzyň iň gowy hem-de gymmatly baýlyklaryny ornaşdyrmaga, döredijilikli zähmet üçin ruhy giňişligi döretmäge çalyşýarys.
Her bir türkmenistanly döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalaryň netijesinde özüniň täzeden galkynyşyny başdan geçirýän paýtagtymyzyň keşbini halk, agzybirlik, Watan ýaly baky düşünjeleri beýan edýän nyşanlar bilen baglanyşdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde çagalaryň abadan hem-de bagtly durmuşy üpjün edilýär, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de durmuşda öz orunlaryny tapmagy üçin ähli şertler döredilýär. Bularyň ählisi Watanymyzyň, halkymyzyň ykbaly, onuň geljegi üçin iňňän belent jogapkärçilikden gelip çykýar.