Ata pendi – perzent borjy

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ýaşlara nusgalyk görelde ömür ýoluna bagyşlanyp ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Ata-enä sarpa – nesil terbiýesinde gözelligiň göwher gaşy» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Watanyna ömür örküni baglan, gaýratlylygyň belent nusgasyny häzirki we geljekki nesillere ebedi miras goýan beýik ynsan Mälikguly Berdimuhamedow bu günki gün hormat bilen sarpalanýar. Mälikguly aga öz nusgalyk ömrüni ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, sowatly bolup ýetişmegine, mähriban Watanymyzyň asudalygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna bagyşlady. Halkymyzda «Kök bolmasa, daragt ýok, binýady bolmasa, binasy ýok» diýilýär. Hormatly Prezidentimiziň asylly arkasy – atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, onuň kakasy Anna aganyň, mähriban kyblasy Mälikguly aganyň bütin ömri ýaş nesle terbiýe bermek, sowatsyzlyga garşy göreşmek, döredijilik bilen meşgullanmak bilen, halkymyzyň milli gymmatlyklaryna we däp-dessurlaryna hormat goýmak, olary geljekki nesillere ýetirmek ýaly nusgalyk işlere bagyşlandyr diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky ýatlamalar biziň kalbymyzda ebedilik saklanar. Goý, bu ajaýyp ynsanyň, watançy gerçegiň görkezen beýik göreldesi nesillerden-nesillere geçip, baky ebedilik ýaşasyn! Goý, peder pendine ygrarly, Watanyň beýik oglunyň mynasyp dowamy ýaşlaryň Hak howandary Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.