Bedenterbiýe çagalaryň durmuşynda

Halkymyz öz perzentleriniň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda eýýam olar ene göwresinde mahaly aladasyny edipdirler. Çaga dünýä inenden soňra onuň ýygy-ýygydan suwa düşürilmegi, lukmanlaryň maslahatlaryna görä ýeňil maşklary ýerine ýetirmekligi onuň ösüşiniň kadaly bolmagyna mümkinçilik berýär. Çaga ilki ata-ene terbiýesinde bolup, soňra çagalar bagynda terbiýelenmegini dowam etdirýär. Çaganyň sagdyn bolmagynda dogry iýmitlenmek bilen bir hatarda beden taýdan sagdyn bolmagynda bedenterbiýe hereketleriniň orny örän uludyr. Häzirki wagtda mähriban Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda birnäçe işler amala aşyrylýar. Okuw meýilnamasyna bedenterbiýe sapaklarynyň girizilmegi, olaryň sapagyň dowamynda gyzdyryjy maşklardan soňra sportuň toparlaýyn görnüşleri, dürli milli oýunlar bilen meşgullanmaklary çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklaryna mümkinçilik berýär.

Milli oýunlar okuwçylaryň durmuşyna aralaşmagy netijesinde olaryň aň-düşünjesi, pikirlenişi, geljek maksatlaryna maksada okgunlylyk häsiýetleri terbiýeleýär. Milli oýunlary yzygiderli ýerine ýetirmek arkaly çagalaryň psihologiýasy ösýär. Döwür bilen geçmiş sahypalaryna köpri bolýan milli oýunlar arkaly taryha baý maglumatlara eýe bolýarlar.

Toparlaýyn ýerine ýetirilýän oýun görnüşleri bolsa ýaşlarda agzybirligi, birsözlüligi, jebisligi terbiýeleýär. Oýnuň dowamynda birek-birek bilen ysnyşykly oýny dowam etmegi pikirli işleriň netijesinde halal ýeňiş gazanmaga bolan islegleri güýçlendirýär. 

Maksat GURBANOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.