Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň oba hojalygynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Bu pudakda dolandyrmagy we özgertmegi kämilleşdirmek, bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak maksady bilen, giň gerimli işler alnyp barylýar.
Oba hojalygyny innowasion çözgütlere we oýlap tapyşlara, täze bazarlary döretmäge mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmek ugrunda hem uly işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, sanly ulgamyň çözgütlerinden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belleýär. Gahryman Prezidentimiz içerki bazarlary özümizde öndürilen önümler bilen doly üpjün etmegiň möhümdigini, şonuň bilen birlikde, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlaryny giňeltmegiň zerurdygyny nygtaýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda pagtadan we bugdaýdan bol hasyl almagyň ugrunda anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Pagtaçylyk hem, Türkmenistanyň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanylan döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandy üpjün edýän ähmiýetli pudakdyr. Täzeçil tehnologiýa esaslanýan häzirkizaman önümçiligiň guralyşynda pagta süýümi Diýarymyzyň dokma senagaty üçin örän gymmatly çig maldyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, dokma senagatynyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirilýär. Ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegine uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Şonuň netijesinde, içerki we daşarky bazarlara dürli görnüşli önümleri çykarmak ýola goýulýar. Bu dokma önümleri dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär. Oba hojalygynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde, bu ulgamyň kuwwaty has-da artýar. Pudagyň häzirkizaman önümçilik hem-de hyzmat düzümini döretmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak şol özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Ekerançylyk ýerlerinde meliorasiýa we suwaryş işleriniň geçirilişine, oba hojalyk toplumynyň tehniki binýadynyň täzelenilmegine köp mukdarda maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Döwletimiz dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn alýar.
Ýeri özgerdip bilýän, ýurdy bagy-bossanlyga büreýän daýhanlar Watany ösdürýärler, gülledýärler. Ýerden bereketli bol hasyl alyp, Watan harmanyny beýgeldýärler.
Her bir adamyň şu günki bagtyýar durmuşy ertekilerdäki durmuş hakykatyny ýatladýar. Şeýle hakykaty amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň alkyşlary çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Serwi AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.