TERBIÝE HAKYNDA KELAM AGYZ

Perzentlerimize bilim bermek meselesine jogapkärçilikli garap, mugallym bilen çaganyň arasyndaky arabaglanyşygy ýola goýmagy başarmak zerurdyr.

Mälik şanyň köşgünde ýigrimi ýyllap işlän we Gündogarda täze pikir öwrülişigini esaslandyran beýik alym, ymam Muhammet Gazaly özüniň «Ylym barada kitap» atly eserinde şeýle diýýär: “Mugallymçylyk käriniň inçe hususyýetleriniň biri-de, talyby ýaramaz ahlaklaryň täsirine düşmekden saklamakdyr. Mugallym bu wezipäni gödeklik bilen dälde, eýsem, mylaýymlyk bilen berjaý etmelidir”.

Terbiýe, ylym-bilim meselesinde ene-atanyň, mugallymlaryň öňünde örän uly wezipeler durýar. Mugallym bilen okuwçynyň arasynda berk bir bag bolup, ol okuwçynyň mugallyma bolan hormat-sylagy, mugallymyň bolsa, sapak geçende okuwça jany-teni bilen mowzugy düşündirmäge bolan ymtylyşy bilen baglydyr. Çünki okuwçyda mugallymyny görende, özüniň ähli sowallaryna jogap alyp biljekdigine ynam bolmaly. Talyp bilen mugallymyň arasyndaky özara düşünişmek berkände, ynam hem ylym datly miwesini berer we talybyň halypasyna bolan hormat-sylagy berkär. XIII asyrda Anadoluda oguz türkmenleriniň gepleşik hem ýazuw dilini hakyky manysynda esaslandyran Ýunus Emräniň “Diwanynda” şeýle bellenilýär:

Ylym okamak, bilmek,

kend-özüňi bilmekdir,

Kend-özüňi bilmeseň,

bir haýwandan betersiň...

“Haýsy çagaňy has gowy görýäň?” diýip, birinden soranlarynda, ol: “Ulalýança körpämi, gutulýança syrkaw çagamy, gaýdyp gelýänçä gaýyp (bir ýere giden) çagamy has gowy görýärin” diýipdir. Hawa, ene-ata üçin ähli çagasy hem ezizdir we mähribandyr.

 

Mährijemal TOÝMÄDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.