AŞGABAT — AZIÝANYŇ MERJENI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň giňden dabaralanýan döwründe il-günümiziň bähbidine gönükdirilen durmuş-ykdysady ugurdaky ösüşler guwanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bu gün ýurdumyzyň ösüşlerini baş şäherimiziň — ak mermerli Aşgabadyň nowjuwan keşbi hem aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. «Aziýanyň merjeni» diýlip atlandyrylýan Aşgabadyň ýeten belent derejesi ýurdumyzyň berkararlygynyň, rowaçlygynyň we abadançylygynyň aýnasy saýylýar.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz berkarar Watanymyzyň paýtagty Aşgabady dünýäniň iň gözel we adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda bimöçber tagalla edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurdaky tagallalary netijesinde paýtagtymyz çalt depginler bilen ösýär, özgerýär. Ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan durmuş-medeni, ylym-bilim maksatly desgalar, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş, sport desgalary, söwda-dynç alyş merkezleri, awtomobil duralgalary, häzirki zaman ulag ýollary, suw çüwdürimleri hem-de beýleki döwrebap binalar göreniň akylyny haýrana goýýar.

Ýurdumyzyň bilim, ylym, medeni hem-de tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi bolan ak mermerli paýtagtymyzyň — gözel Aşgabadyň seýilgähleri hem tarypa mynasypdyr. Bu gün baş şäherimizde seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine we olaryň özboluşly aýratynlyklaryna aýratyn üns gönükdirilýär, şeýle-de seýilgählerde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we onuň myhmanlarynyň medeni dynç almagy üçin giň mümkinçilikler açylýar. «Arkadag», «Garaşsyzlyk», «Aşgabat», «Altyn asyr», «Ylham» we beýleki seýilgähleriň bagtyýar ildeşlerimiziň gelim-gidimli ýerlerine öwrülmegi hem şonuň bilen şertlenendir. Şeýle gözel seýilgähler ýurdumyzyň ýüregi saýylýan Aşgabadyň gözelligine ajaýyp sazlaşyk goşýar hem-de joşgunly kalplary heýjana getirýär.

Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň ak mermerli şäherimizi ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikler dünýä derejesinde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň gözel paýtagtynyň dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi hem munuň aýdyň dabaralanmasydyr. Şeýle tutumly işleri durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

 

Rejepgeldi ATAJANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Fewral 2025 | 45 okalan

AŞGABAT — AZIÝANYŇ MERJENI

01 Fewral 2025 | 4222 okalan

TERBIÝE HAKYNDA KELAM AGYZ

29 Ýanwar 2025 | 2951 okalan

ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY