Ýurdumyzda sportuň göreş görnüşlerini ösdürmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Munuň özi, ata-baba ýörelge bolup gelýän sport gymmatlyklaryny saklamak we ýaş nesliň ruhunda sazlaşykly ornaşdyrmak babatda anyk çärelerdir. Şunlukda, bu babatda yzygiderli geçirilýän milli çempionatlar özüniň oňyn täsirini ýetirýär. 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda türkmen milli göreşi boýunça I dünýä çempionaty we Guşakly göreş boýunça XII dünýä çempionaty hem bu ugurdaky ädimleriň aýdyň subutnamasydyr.
Guşakly göreş iki türgeniň arasynda kesgitlenen düzgünli biri-biriniň guşagyndan tutulyp göreşilýän başa-baş göreş bolup, onuň netijesi her bir garşydaşyň arkasyny ýere degrip, ýeňmegi esasynda belli bolýar. Ol sportuň gadymy görnüşleriniň biri bolup durýar we uzak döwürlerden bäri nesilden-nesile geçip gelen sungatdyr. Gadymy golýazmalary, resminamalary we sungatyň taryhy ýadygärlikleri muňa şaýatlyk edýär. Hünärmenler dünýäniň ähli künjeklerinden, ýagny Merkezi Amerikadan, Afrikadan, Ýewropadan we Aziýadan gaýalaryň ýüzüne çekilen suratlary tapýarlar. 1938-nji ýylda Bagdadyň golaýynda iki sany guşakly göreşijiniň 6 müň ýyl geçen bronzadan ýasalan heýkeli tapylýar. XI asyrdaky Hytaýyň «Tan şu» diýen golýazmasynda guşakly göreşiň ýaryşlary barada bellenilip geçilýär. XI asyrda bu göreş barada alym we filosof Awisenna hem aýdyp geçýär. Guşakly göreş bu biziň eramyzdan öň III we I asyrlarda türki halklar tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Diňe bir türki halklara ýaýraman, eýsem Ýewropada, Irlandiýada, Şotlandiýada, Uelsde we Ispaniýada hem giňden ýaýrapdyr.
Her bir halkyň guşakly göreşde öz emelleri bar. Gadymy atly çaknyşyklarda garşydaşyňy atdan ýykmak üçin guşagyndan tutulypdyr. Bu usul goşunlarda gündogardan-günbatara ýaýrapdyr. Tutluşyk däbi slawýanlara hem geçipdir. Bu göreşiň görnüşi esasan hem, Russiýanyň günorta sebitinde, ýagny Powolžýede, Uralda, günbatar Sibirde giňden ýaýrapdyr. Ähli türki göreşijiler parahatçylyk mahaly ýaryşlarda öz sport ussatlyklaryny görkezipdirler. Guşak öňki döwürde erkekleriň eşiklerinde giňden ýaýrap başlaýar. Adynyň gelip çykmagy hem şundandyr. Guşak esasan hem, tutluşyklarda garşydaşyňy uzak aralykdan gelip biri-biriniň guşagyndan tutup, özüňe çekip, ýokaryk galdyryp, ýere zyňmak üçin ulanylýar. Döwrüň üýtgemegi bilen, soňky wagtlarda türki halklaryň eşiklerinden guşaklar ýitip başlaýar. Onuň deregine bolsa, ak matany biri-biriniň biline daňyp, kimiň güýçlidigi belli edilýär.
«Guşakly göreş» sportuň görnüşi hökmünde 2003-nji ýylda dünýä çykýar. Muny döretmek barada Rifa Gaýnanowanyň teklibi boýunça Guşakly göreşiň halkara federasiýasy we sportuň bu görnüşi boýunça BütinRussiýa federasiýasy döredilýär. Şeýlelik-de, gysga wagtda Guşakly göreş boýunça halkara federasiýasy öz mümkinçiliklerini artdyrmak we gerimini giňeltmek bilen has-da kämilleşýär. Guşakly göreşiň absolýut agram derejesinde Nižegorod welaýatyndan Nurimanow Ramil Haýdarowiç ilkinji Dünýä çempiony boldy. Guşakly göreş Olimpiýa sportunyň görnüşi bolmadyk bolsa-da, resmi taýdan halkara derejesinde ykrar edildi. Sportuň bu görnüşi boýunça her ýyl Ýewraziýada we Ýewropada dünýä çempionatlary geçirilýär. Russiýanyň döwlet bedenterbiýe uniwersitetinde guşakly göreş bölümçesi döredildi we ol ýerde bu ugurdan her ýyl diplomly tälimçiler taýýarlanylýar. Guşakly göreş 2013-nji ýylda Kazanda geçirilen Tomusky Uniwersiadanyň düzümine girizildi.
Biziň ýurdumyzda 2014-nji ýylyň 19 – 24-nji noýabr aralygynda Aşgabatda Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Dünýä çempionatynda ýurdumyzyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Onuň jemleri boýunça pälwanlarymyz baýrakly orunlara eýe boldular.
Halkymyzyň milli mirasynda biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilen sportuň milli görnüşleri, şol sanda göreşiň ähmiýeti uly bolup, biz muňa dünýä çempionatynda ýene bir gezek anyk göz ýetirdik.
Taýýarlan: Nurýagdy GALPAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyňDaşoguz welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.