GUŞAKLY GÖREŞIŇ TILSIMLERI

Häzirki wagtda guşakly göreş toý baýramçylyklarynda tutulýar. Şeýle baýramçylyklarda göreş tutmak däbi has hem tatarlarda esasy däbe öwrüldi. Muňa meňzeş göreşler beýleki halklarda hem bar. Biziň ýurdumyzda hem toýdur baýramlarda türkmen göreşi tutulýar. Karaçaýewler ony “tutuş”, ýakutlar “hapsagaý”, gazaklar we altaýlar “kures”, özbekler “kuraş” diýip atlandyrýarlar. Dünýä halklarynda guşakly göreşiň birnäçe görnüşi bar. Ýöne olary birleşdirýän zat eşiginde diňe guşagynyň bolmagydyr.

Erkin guşakly göreşde zyňmak, aýagyna kakmak, emel etmek, iki eliň bilen guşakdan tutup, ähli tilsimleri ulanmak rugsat edilýär. Nusgawy görnüşde bolsa, aýakdaky ähli tehniki hereketler gadagan edilýär. Sözüň doly manysynda, guşakly göreş tutluşykçynyň öňündäki maksady garşydaşyňy arkanlaýyn zyňmak bilen, arassa ýeňiş gazanmakdyr. Guşakly göreş ýaryşyna gatnaşyjynyň balagy ak reňkde, sport köýnegi ýaşyl we gök reňkde bolup, gyzyl reňkdäki guşagy ýaşlar üçin 110-115 sm., ulular üçin bolsa, 150-180 sm., ini 4-7 sm. hasaplanylýar. Tutluşyga gatnaşyjynyň sport aýakgaby ýumşak we typmaýan bolmalydyr. Eger-de şu talaplar ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda, türgen tutluşyga goýberilmeýär.

Tutluşyga eminlik etmek toparlaýyn emin agzalaryndan durýar. Düşekçä  seredýän emin, araçy, gapdal eminler, hasabaty ýöredýän we gatnaşyjylara seredýän eminlerden ybaratdyr.

Tutluşygyň dowamlylygy 11-13 ýaşdaky oglanlara we gyzlara 2 minut, 14-15 ýaşdaky oglanlara we gyzlara 2,5 minut, 16-17 ýaşdaky ýetginjek oglanlara we gyzlara 3 minut, 18-20 ýaşdaky ýaş oglanlara we gyzlara 4 minut, 18 ýaş we ondan uly bolan ýaşdaky erkeklere we aýallara 4 minut, weteranlaryň arasynda 40 ýaşdan uly erkeklere we 30 ýaşdan uly aýallara 3 minut bellenilýär. Tutluşyk araçynyň yşaraty bilen başlaýar. Tutluşyk wagtynyň gutarmagy bilen, berlen bahalaryň netijesi boýunça ýa-da emel edip, arassa ýeňiş gazanylan halatynda, tutluşyk saklanylýar we eminiň düşekçeden çykmaga rugsat bermegi bilen tamamlanýar.

Ýurdumyz sportuň mekany. Türkmenistan sport döwleti hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Geçirilýän milli we halkara ýaryşlar ýatdan çykmajak taryhy senä öwrülýär. Her bir gününiň taryhyny altyn harplar bilen bezäp barýan milli sportumyz bu günki gün ösüşlere sary öňe barýar. Uzak ýyllardan soň, nesillerimiz möhüm taryhy wakalary, şol sanda, ýurdumyzda geçirilýän halkara sport ýaryşlaryny uly ruhubelentlik bilen ýatlarlar.

 

Taýýarlan: Altyn HOJAMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

06 Fewral 2025 | 0 okalan

GUŞAKLY GÖREŞIŇ TILSIMLERI

05 Fewral 2025 | 3382 okalan

GUŞAKLY GÖREŞ SPORTUNYŇ TARYHYNDAN

03 Fewral 2025 | 2234 okalan

AŞGABAT — AZIÝANYŇ MERJENI