«GALKYNYŞ» TOPARY DÜNÝÄNI HAÝRAN GALDYRÝAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynda geçen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ajaýyp üstünligi bilen ulus-ilimizi begendirdi. Bu abraýly festiwalda ýurdumyzyň milli at üstündäki oýunlar toparynyň Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy, hakykatdan-da, buýsandyryjy üstünlikdir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Galkynyş» toparynyň türgenleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilýän halkara bäsleşiklerde baş baýraklara mynasyp bolup, türkmen tuguny belende galdyrdylar. Sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi hasaplanýan Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynda hem «Galkynyş» topary täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdy.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan nobatdaky üstünligi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de welaýatymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda welaýatymyzyň etraplarynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Gökdepe we Ak bugdaý etraplarynyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen duşuşyklar aýratyn uly gyzyklanma eýe boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, atçylyk sportuny we sirk sungatyny ösdürmekde taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

 

Merdanaly ORAZBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar