ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZ

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen ýaşlary özlerini Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, zähmetsöýer, ýokary ahlakly nesiller hökmünde tanadyp, sportda, medeniýetde, ylym-bilimde uly ýeňişleri gazanyp, döwletimiziň abraý-mertebesini belende göterýärler» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär. Berkarar ýurdumyzda bagtyýar ýaşlara bolan belent ynam Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitabynda hem anyk beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, Ýaşlar guramasynyň işgärlerleri bolup, döwletimiziň ýaşlar syýasatyny ýaş oglan-gyzlaryň arasynda yzygiderli wagyz edýäris.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasaty hakdaky milli kanunçylygy kämilleşdirilmegi türkmen jemgyýetinde ýaşlara uly orun berilýändiginiň, döwletimizde ýaşlar barada uly alada edilýändiginiň alamatydyr. Bu gün ýurdumyzda ýaşlaryň oňat bilim almaklary, öz bilimlerini yzygiderli artdyrmaklary, ylym bilen meşgullanmaklary, dürli hünärleri özleşdirmekleri, senagatda, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda netijeli, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki wagtda etrabymyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň barşynda ýokarda agzalanlar dogrusynda aýratyn durlup geçilýär. Wagyz-nesihat duşuşyklarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylda Watanymyzda alnyp barylýan işlerde  ýaşlaryň işjeňliginiň ýokary bolmalydygy hakda aýdylyp, ýaş nesliň wekillerine gymmatly öwüt-ündewler berilýär. Bu gün halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän, bu ugurda giň şertlerdir mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

 

Sahabatberdi KÖSÄÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar