ASYRLARDAN AŞAN ALAJA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň gadymy hem baý mirasyny dünýä ýaýmakda, öwrenmekde uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym”, “Arşyň nepisligi”, “Janly rowaýat”, “Türkmen medeniýeti” atly ylmy kitaplarynda dünýä medeniýetine goşant goşan gelin-gyzlarymyzyň el hünärlerine bolan söýgi giňişleýin beýan edilýär.

Türkmen zenanlarynyň döreden ajaýyp el işleriniň biri hem alajadyr. Türkmen maşgalasynda gyzjagazlar aga-gara düşünip ugranyndan olara alaja işmek, örmek öwredilýär. Tikin işlerinde, keşde-nagyşlarda, haly-palaslarda hem nagyşlaryň daşyndan alaja aýlanýar.

Türkmen zenanynyň döreden alajasynda ruhy güýç, jady bar. Ir döwürlerden bäri “Alajada gözüň agy-garasynyň, gijäniň tümlüginiň, gündiziň ýagtylygynyň keşbi bar” diýlen aýtgy ýörgünli bolup, halk arasynda göz degmekden, göze görner-görünmez bela-beterlerden, erbet nazarlardan goranmakda alajanyň ähmiýetiniň uludygyna ynanylypdyr. Ozaldan dowam edip gelýän ynanja görä, “Çaganyň boýnunda alaja bar bolsa erbet nazar, garaýyş ilki bilen alaja siňýär-de, togtaýar” diýlip hasap edilipdir.

Alajanyň dürli görnüşleri bolup, olar hem owadan, hem çylşyrymly. Onuň “Ýönekeý alaja”, “Goşma alaja”, “Gyýakly alaja”, “Älem alaja” ýaly görnüşleri tow berlip işilýär. “Çigildem alaja”, “Okgöz alaja”, “Gyraly alaja”, “Çyzykly alaja”, “Bugdaýbaş alaja” ýaly görnüşleri bolsa, barmaklar bilen örülýär. Alajalar işilmekden, örülmekden başga-da keşdelenýärem, gaýalýaram, dokalýaram. “Basma alaja” hala çitilýär, palasa öýdelýär, keçelere gül görnüşinde salynýar.

Gyz-gelinler alajalaryň dürli görnüşlerini sünnäläp, olaryň gowudan-gowusyny ulanýarlar. Öz goşarlaryna, bukjalaryna dürli alajalary dakýarlar. “Alaja nagşyny” ýakalaryna keşdeleýärler, begreslerine basma basýarlar, tahýalara, çabytlara gaýaýarlar, keşdeleýärler. Alajalary diňe bir egin-eşiklere berkitmek bilen çäklenmän, eýsem olary öýleriň gapylaryna, hojalykda ulanylýan zähmet gurallaryna, sygyr, düýe ýaly öý mallaryna, türkmeniň uçar ganaty bolan bedew atlaryna hem alaja dakmak halkymyzyň asylly däbidir. Häzirki döwürde alajalar arkaly ýerine ýetirilýän el işleri sanardan kän we olar sungat eserleri hökmünde dünýä ýaýylýar.

 

Zyýada ÝUSUBOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň talyby.

Meňzeş habarlar

08 Fewral 2025 | 9 okalan

AKYLDAR ŞAHYR ÝÜREKLERDE

07 Fewral 2025 | 3 okalan

ASYRLARDAN AŞAN ALAJA

07 Fewral 2025 | 3707 okalan

ÝAŞ MEÝLETINÇILERIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI