Magtymguly Pyragy — sözüň güýji, kelamy bilen şahyrana älemiň arşyna galan şahyr. Magtymgulynyň şygryýeti — türkmen edebiýatynyň teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Ol çeşme gözbaşyny dana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, watanperwerliginden, yşkdan we gözellikden ylham alýar. Şahyryň belent adamkärçilik duýgulary, şahyrana sözleri, müň öwüşginli öwüt-ündewleri bu gün türkmen halkynyň kalbynda ruhubelentlik, çäksiz joşgun, nepis duýgulary döredýär.
2024-nji ýylda — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkymyz akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan belläp, Magtymguly Pyragynyň at-owazasyny dünýä ýaýdy. Şanly ýylda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň neşir edilmegi türkmen halky üçin bahasyz sowgat boldy.
Türkmeniň milli buýsanjy, şygryýet äleminiň çyragy Magtymguly Pyragynyň sagdyn pikirlerinden daýanan, durky bilen päklige ýugrulan ajaýyp pikir-paýhasy türkmeniň ruhy ahwalynyň ýüz görülýän «aýnasyna» öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny okanyňda hem, şahyryň täsin şygyrlaryna baglanyp, türkmeniň arassa hem tämiz dünýäsine aralaşýarsyň.
Bu gün akyldar şahyryň arzuw eden agzybirligi bagtyýar halkymyzyň öz döwlet Baştutanynyň daşyna berk jebisleşmegi bilen uly many-mazmuna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän ajaýyp eserlerinden ruhlanýan il-günümiz bu gün erkana ýaşap, döredýär, ruhubelent zähmet çekýär.
Hormatly Prezidentimiz il ykbalyny öz ykbalyndan eý gören Magtymguly Pyragynyň umytlara we ynamlara ýugrulan «Berkarar döwlet islärin» diýen arzuwlaryny hasyl edip, il-günümiziň asuda, berkarar Watanda erkana ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Akyldaryň setirlerine siňen arzuw-hyýallar nesilleriň gursagynda ýaşap, ömürlerden – ömürlere ýol ýasady. Ol sözler, setirler bu gün Jeýhun bilen Bahry-Hazaryň arasynda ýaýylyp ýatan ümmülmez giňişlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bolup dowam edýär.
Bu gün parahatlygy, agzybirligi bilen dünýä tanalan türkmen halkynyň öz akyldar şahyryna bolan buýsanjy, guwanjy çäksizdir. Hormatly Prezidentimiziň il-gününe peşgeş beren «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby her birimiziň söýüp okaýan eserimize öwrüldi. Öz şygyrlary bilen halkyň öçmez çyragyna öwrülen beýik şahyryň ömri we döredijiligi ýaş nesiller üçin nusgalyk ýoldur.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykýan kitaplaryň höwri köp bolsun. Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty dowamat-dowam bolsun!
Umyt BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň başlygy.