ZENAN BEÝIKLIGI (rowaýat)

Gadym döwürde bir ýetim gyz bolupdyr. Ol gyzyň ene-atasy gyzjagaz gulpajygyny tasadyp ýören wagty aradan çykypdyr. Gyzjagazy çagalygyndan  obada tanalýan danyşment bir ýaşuly ekläp-saklapdyr. Bu ýaşuly örän kitaphon, parasatly adam bolupdyr. Onuň kitaplary köp bolup, olar şol döwürde dünýä meşhur  kitaplar eken. Gyzjagaz hem çagalygynda şol  gyzykly kitaplar dünýäsine aralaşyp, olary ürç edip okapdyr. Şunlukda gyzjagaz zehinli, bilimli, edepli, paýhasly bolup ýetişýär. Ol diňe kitap okamak bilen çäklenmän, el hünärine hem ýaşlykdan imrinýär we gelin-gyzlaryň el işlerini öwrenýär. Ol gyz obada owadanlygy bilen hem ile tanalypdyr. Günlerde bir gün ol güzere suw almaga gidýär. Şol güzeriň boýunda ol sahypjemal gyza dor atly bir ýigit aşyk bolýar. Şol ýigit ol gyzyň ýaşaýan ýurdunyň patyşaşynyň ýekeje ogly eken. Bu wakadan soň, oglan kakasyna gyz hakynda gürrüň berýär we ol gyzy gowy görüp galandygyny aýtýar. Patyşa ýekeje ogluny bendi eden ol gözel gyzy görmek isleýär. Patyşa gyzy görüp, ondan göwni hoşal bolýar. Şeýlelik-de, pespäl gyz şa gelni bolýar. Gyz ýigidiň öýüne baran gününden maşgalanyň agzybirligini gazanýar. Şazada hem öz gezeginde köşkde ýüze çykýan käbir meseleleri kitaphon gelni bilen  maslahatlaşypdyr. Sebäbi köşkde ýüze çykýan birnäçe meseleler akylly şa gelniniň çözgüdine mätäç bolupdyr.

Günleriň birinde ýurduň patyşasy agyr keselläp, aradan çykypdyr. Patyşa aradan çykansoň, onuň ogly şa tagtyna çykýar. Ogly kakasynyň yzyndan döwleti dolandyrýar we onuň ýokary derejelere ýetmegini gazanýar. Wagt geçýär, günleriň birinde şa ýörişe gidýär. Şol wagtlar bolsa, şa gelniniň agzy bimaza eken. Şa gelnine “Men gelýänçäm ýurdy dolandyrarsyň” – diýip, perman berip gidýär. Ýöne ol ýörüşden dolanyp gelmeýär. Şa dereksiz ýiten hasap edilýär. Gelin umydygär gözleri bilen şanyň ýoluny garaýar. Şa gelin ýurdy dolandyran ýyllarynda ilatyny hiç zada zar etmeýär.

Aýlar geçip, şa zenanyň ogly bolýar we onuň adyna patyşanyň adyny dakýar. Ogly bäş ýaşyna ýetýär.

Günleriň birinde bu ýurda bir derwüş gelýär. Ol derwüş köşge girjek bolanda, ony goýbermeýärler. Şeýlelik-de, ol adyny aýdyp, patyşa habar bermegi haýyş edýär. Derwüş köşge girýär we ýurduň şa zenanyny görüp haýran galýar hem-de gelniniň öz yzyny kemsiz saklandygyna buýsanýar. Patyşa-derwüş şu ýerde maşgalada zenanyň ornunyň nä derejede beýikdigine, wepasynyň bolsa, ebedilikdigine haýran galýar.

Şa gelni öz ýanýoldaşynyň sag-aman ýurduna dolanyp gelenine begenip, birnäçe gün köşkde toý-meýlis guraýar. Olar agzybir ýaşapdyrlar. Olaryň dolandyran döwleti tutuş dünýä ýüzünde bagtyň we rowaçlygyň ýurdy hökmünde tanalypdyr.

 

Şeker HAÝTANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Fewral 2025 | 14 okalan

BEÝIK AKYLDARA BELENT SARPANYŇ BEÝANY

10 Fewral 2025 | 14 okalan

ZENAN BEÝIKLIGI (rowaýat)

08 Fewral 2025 | 10119 okalan

AKYLDAR ŞAHYR ÝÜREKLERDE