Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz uly üstünliklere, şanly senelere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramçylygynyň garşylanýan günlerinde “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy biz kitaphana işgärleriniň buýsanjymyzy goşalandyrdy, göwün guşumyzy ganatlandyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp eseri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygara beslenen 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýär. Täze kitabyň ilkinji sahypalarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” atly goşgusy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygyrlarynyň ýerleşdirilmegi, onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden nobatdaky kitaby ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Sekiz bölümden ybarat bolan bu kitapda, “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” hem-de “Hakyň we hakykatyň ýolunda” atly bölümleriň üsti bilen beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda beýik akyldara çuň paýhas, ýiti zehin bilen düşünmegiň zerurdygyna ünsi çekip: “Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň. Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň. Magtymguly bir ynsandyr, beýik häsiýetlere eýe bolmasaň, onuň kämilligine akyl ýetirmek mümkin däldir. Magtymguly bir yhsandyr, onuň adamzat üçin rehmetdigini duýmaýan adam paýhasly sözüň nygmatdygyna hem düşünýän däldir” – diýip, belläp geçýär.
Pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlary diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň sarpasyny belende götermekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz uly tagallalary edýär. Halkymyzyň şatlygyny goşalandyryp, beýik söz ussadyna belent hormat goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun!
Mähriban SEÝLIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag
şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.