BAGTDAN PAÝLY ÝAŞ NESILLER

Ähli döwürde-de ýaş nesliň terbiýesine, bilimine aýratyn ähmiýet berlipdir. Bilim hem ylym ýolumyza ýagty saçýan şamçyragdyr. Her bir ätjek ädimimiziň ýagtylanmagy üçin bolsa, bilimden öz mynasyp paýymyzy almalydyrys. Munuň üçin, biziň ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Giň düşünjelilik, ylym-bilim öwrenmek ir döwürlerden bäri türkmen halkynyň ýaşaýyş ýörelgesiniň, ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegine öwrülip gelýär. Muny ata-babalarymyzyň “Bilimli il ozar, bilimsiz il tozar”, “Bilegi güýçli birini ýykar, bilimi güýçli – müňüni”, “Bir okana bar, bir-de dokana” ýaly ençeme nakyllary hem subut edýär. Ylym-bilime teşne halkymyzyň şu ruhy gymmatlygy häzirki ajaýyp döwrümizde hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Bularyň binýady bolsa, türkmen ýaşlarynyň bilimleri dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda ele almaklary üçin durmuşa geçirilýän giň möçberli tagallalara daýanýar. Güneşli Diýarymyzyň bilim ulgamynyň ýokary işjeňligini özünde jemleýän şeýle işleriň biri-de, mekdep okuwçylaryň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikdir. Her ýylda geçirilýän şeýle bäsleşikde ençeme ugurlar boýunça, dürli ýaşdaky zehinler ýüze çykarylýar.

Bilim ulgamynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeleriň döwletiň ýaşlar syýasaty bilen berk baglanyşykly bolmagynyň düýp özeninde hem, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň güneşli Diýarymyzyň röwşen geljegini berkarar etmek babatdaky ägirt uly aladalary durandyr. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda döwrebap çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Häzirki wagtda biz bagtyýar ýaşlar şol bilim ojaklarynda okap, bilim alýarys. Her ýylda ýurdumyzda 1-nji synpa barýan bagtyýar körpelerimize bolsa, hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi hem, göwünlere egsilmez bagtyýarlyk bagyşlaýar.

Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ählitaraplaýyn şertleri döredip berýär. Bize okamaga, öwrenmäge, şeýle hem, bilimdir zehinimize daýanyp, dürli derejelerdäki bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli netijeleri gazanmaga giň ýol açýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

 

Selbi TÄJIMYRADOWA,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine

ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

12 Fewral 2025 | 1531 okalan

BAGTDAN PAÝLY ÝAŞ NESILLER

11 Fewral 2025 | 433 okalan

BEÝIK AKYLDARA BELENT SARPANYŇ BEÝANY

10 Fewral 2025 | 5877 okalan

ZENAN BEÝIKLIGI (rowaýat)