Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eziz Diýarymyzyň, merdana halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň abadançylygyna gönükdirilen “Watan diňe halky bilen Watandyr!” “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen mukaddes ýörelgesiniň netijesinde parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli ösüşler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni köňüllere buýsanç paýlaýan toý-baýramlara, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny dabaralandyrýan, agzybirligi we jebisligi has-da pugtalandyrýan şanly wakalara beslenýär.
Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, dost-doganlyk gatnaşyklaryna gönükdirilen kämil içeri we daşary syýasatynyň barha rowaçlanýan döwründe Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň döwlet derejesinde bellenilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Ata-babalarymyzyň ynsanperwer, dost-doganlyk we paýhasly ýörelgelerinden gözbaş alýan türkmen diplomatiýasy dünýä bileleşiginde belent hormata eýe bolýar.
Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň nusgalyk daşary syýasatynyň giňeldilmegine, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da belende göterilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwletimiziň wekilhanalary bu gün Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň, Afrikanyň onlarça ýurtlarynda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek boýunça iňňän möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli dowam etdirýän daşary syýasat strategiýasynyň we diplomatiýasynyň oňyn netijelerine halkymyzyň buýsanjy çäksizdir. Türkmenistan döwletimiz Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, “Dialog – parahatçylygyň kepili” taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň daşary syýasaty has işjeň häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly alyp barýan içeri we daşary syýasatyňyzyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sebitde hem-de dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat diplomatiýasynyň eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmek, halkymyzy eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşatmak barada amala aşyrýan beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan ýylyň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän bu bagtyýar günlerimiz merdana halkymyzyň ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz söýgüsini we buýsanjyny arşa galdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ýer ýüzünde giňden tanatmak, dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, halkymyzyň abadan hem-de asuda durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Parahatçylygy, ynsanperwerligi, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşyny nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty dowamat dowam bolsun.
Manzura BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň başlygynyň kätibi.