Ýakynda Balkan welaýat häkimligi, Balkan welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, “Türkmenistan” Ýaşlar Bedenterbiýe sport guramasynyň Balkan welaýat bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi, Balkan welaýat polisiýa müdirligi bilen bilelikde gurnamaklarynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Balkanabat şäherindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Ygtybarly ekologiýa taýdan arassa saglygy goramagy şertlendirýän ulagyň görnüşi bolan welosipediň ajaýyplygy we taryhy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda welosiped sportunyň taryhy, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda welosiped sportyny ösdürmekdäki edilýän işler, welosiped sürmegiň adam saglygyna ýetirýän oňaýly täsiri, welosipediň ekologiýa taýdan arassa ulagyň görnüşi hökmünde ekologiýa edýän oňaýly täsirleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Maslahatyň ahyrynda maslahatda çykyş edenler türkmen sportunyň hak howandary Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.
Ýakup AMANOW,
Balkan welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň baş hünärmeni.