Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monakoda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçen Halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň buýsandyran ajaýyp waka öwrüldi. Bu şatlykly waka «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzyň üstünlikleriniň özboluşly badalgasyna öwrüldi.
Bizi buýsandyrýan zatlaryň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gysga taryhy döwrüň içinde dünýä derejesinde uly meşhurlyk gazanmagy we abraýly baýraklara mynasyp bolmagydyr. Toparyň şeýle üstünlikleriniň hatarynda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungatynyň festiwalyndaky, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalyndaky, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen sirk sungatynyň II halkara festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlaryndaky şowly çykyşlaryny agzamak ýakymly. Şolaryň ählisinde hem bu topar baş baýraklara mynasyp boldy. Mundan başga-da, at üstündäki oýunlar topary 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen «Fontankadaky» sirk sungatynyň I halkara festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigini gazandy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçen Halkara sirk festiwalyndaky nobatdaky üstünligi onuň ýeňişleriniň üstüni ýetirdi.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňişli ýollarynyň dowamat bolmagyny arzuw edýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak, şeýle-de atly sporty, sirk sungatyny ösüşiň täze derejelerine çykarmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Annadurdy WALLAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.