2021-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Ýewropa Komisiýasynyň “Türkmenistanda döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam” atly taslamasynyň çäklerinde “Döwlet dolandyryş” ugry boýunça taýýarlanylan magistr okuw maksatnamasy esasynda 72 sagatlyk gysga möhletli synag okuwlary geçirildi.
Gysga möhletli okuwlara Türkmenistanyň Mejlisinden, Türkmenistanyň Adalat ministrliginden, Türkmenistanyň Bilim ministrliginden, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysady ministrliginden, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden, Türkmenistanyň Merkezi bankyndan, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinden, Türkmen döwlet ätiýaçlandyryş guramasyndan, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyndan, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinden, Aşgabat şäher häkimliginden, Ahal welaýat häkimliginden, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginden, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyndan wekiller gatnaşdylar.
Okuw sapaklaryna işjeň gatnaşyp, üstünlikli tamamlan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hukuk we işgärler bölüminiň başlygy Aýjeren Orazberdiýewa şeýle gürrüň berdi:
– Elbetde, biz alan bilimimizi, ÿeri gelende öz işimizde ulanarys. Şu ýerde, Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ÿanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda "Döwlet dolandyryşy" boýunça gysga möhletli okuwyny gurnan ähli halypa mugallymlarymyza, şeýle hem daşary ýurtly halypa mugallymlarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirýärin.
Daşary ýurtdaky halypa mugallymlardan alan nazaryýet bilimimiz, bize durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyñ häzirki zaman ugurlaryndaky zähmet çekýän ýaş hünärmenleriniñ we ýokary derejeli hünärmenleriñ, işgärleriñ gözýetimini has giñeldýär. Bu bolsa, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny netijeli ösdürmekde, şeýle hem bize geljekde öz işimizi has netijeli alyp barmakda, täze usullary iş dolanyşygyna girizmekde hem-de hereket edÿän hukuk namalara degişli üÿtgetmeleri girizmekde uly goşant goşjagyna göz ýetirýärin. Çünki biziñ işimiz halka hyzmat edip, halk köpçüligine ätiýaçlandyryşyñ täze meýletin görnüşini hödürlemek. Hödürlenýän hyzmatlary ýokary derejede halkara ülñülerine laýyklykda alyp barmak üçin, halkara tejribesini öwrenmek örän möhümdir.
Hormatly Prezidentimiziñ baştutanlygynda ýurdumyzda şahsyýetara hem-de milletara gatnaşyklaryñ ýokary medeniýetini ösdürmek, ylymlaryñ esaslaryny öwrenmek, şeýle hem ýaşlarda akyl we fiziki zähmet endikleri boýunça höweslerini we gyzyklanmalaryny ÿüze çykarmak arkaly şahsyýetiñ kemala getirilmegi üçin ähli şertler döredilen. Gahryman Arkadagymyza döredip beren mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýarys. Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Wepa TOHTAÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.