Oka, Öwren, Döret!

Hormatly Prezidentimiziň öz işine hemme taraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenleri ýetişdirmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny goldamakda ýaşlaryň işjeňligini artdyrmak maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda milli Liderimiziň «Zähmet bazarynda bäsleşik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlyk we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuwlary guramaly» diýip öňde goýan tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary tarapyndan «Ýaşlaryň döwlet hukugy we dolandyryş işi boýunça hünärini ýokarlandyrmak» atly gysga möhletli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenleri bilen okuw sapagyna badalga berildi.

Geçirilýän bu okuw sapagy Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, olaryň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgelerini emele getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmak, ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, milli däp-dessurlary wagyz etmek işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramakda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek boýunça işleri alyp barmakda netijeli häsiýete eýe boldy.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar